DÜNÝÄ

Türk geňeşiniň daşary işler ministrleriniň duşuşygy geçirildi

Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň 12-nji noýabrynda Türkiýe Respublikasynyň Stambul şäherinde Türki dilli döwletleriň hyzmatdaşlyk geňeşiniň döwlet Baştutanlarynyň 8-nji sammiti geçiriler. Şol sammitiň öňüsyrasynda bu gurama agza we synçy döwletleriň daşary işler ministrleriniň duşuşygy geçirildi.

Türkiýäniň daşary işler ministri Mewlüt Çawuşoglunyň ýolbaşçylygynda geçirilen duşuşyga Azerbaýjanyň daşary işler ministri Jeýhun Baýramow, Gazagystanyň daşary işler ministri Muhtar Tleuberdi, Gyrgyz Respublikasynyň daşary işler ministri Ruslan Kazakbaýew, Özbegistanyň daşary işler ministri Abdulaziz Kamilow, şeýle hem bu guramanyň synçy agzasy Wengriýanyň daşary işler we söwda ministri Peter Siýýarto gatnaşýar.

Şeýle hem şu gezekki Türki dilli döwletleriň hyzmatdaşlyk geňeşiniň döwlet Baştutanlarynyň 8-nji sammitinde synçy agzalygy tassyklanjak Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow hem bu duşuşyga gatnaşdy.

Türk metbugatyndaky habara görä, Türkiýäniň Prezidentiniň Dolmabahçe rezidensiýasynda geçirilýän duşuşykda çykyş eden Türkiýäniň daşary işler ministri Mewlüt Çawuşoglu türk dünýäsiniň bilelikdäki guramasynyň ählumumy derejede marka öwrülendigini belledi. Munuň  gurama gatnaşýan ähli döwleriň üstünligidigini bellän Mewlüt Çawuşoglu doganlyk Türkmenistan döwletiniň gurama synçy derejesiniň berilmegi bilen türk dünýäsiniň bir ýere jemlenendigini belledi.

Türkiýäniň daşary işler ministri Mewlüt Çawuşoglu “Türk dünýäsi-2040” maksatnamasynyň ertir tassyklanjakdygyny belläp, bu maksatnamanyň durmuşa geçirilmegi üçin gurama başlyklyk etjek Türkiýe Respublikasy hökmünde 5 ýyllyk ýol kartasynyň düzüljekdigini mälim etdi.

– Türk dünýäsiniň agzybirligi üçin ykdysady gatnaşyklarymyzy has-da berkitmeli. Ykdysadyýetimizi birleşdirmek üçin ulag we logistika pudagyndaky hyzmatdaşlygymyzy güýçlendirmeli. Döwletlerimiziň arasyndaky söwda gatnaşyklaryny işjeňleşdirmeli – diýip bellän Mewlüt Çawuşoglu bu maksat bilen, esasanam Daşary işler ministrlikleriniň hem-de beýleki  degişli edaralaryň arasyndaky tagallalaryň utgaşdyrmalydygyny belledi.

Şeýle hem Türkiýäniň daşary işler ministri Mewlüt Çawuşoglu özüniň “Twitter” jemgyýetçilik torundaky hasabatyndan belläp geçişine görä, ol Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow bilen ikiçäk duşuşyk geçirdi.

 

Delide owgan meseleleri boýunça geňeşmeler geçirildi

 

Ýene-de okaň

Gyrgyzystan ilkinji ekologiýa taýdan amatly şäher gurlar

Türki döwletleriň guramasynyň 12-nji resmi sammiti Azerbaýjanda geçiriler

ABŞ-da uçar heläkçiligi boldy

Türkmenistan bilen Monako medeniýet, sport we haýyr-sahawat pudagynda hyzmatdaşlygyny ösdürer

Ýaponiýanyň Premýer-ministriniň ýörite geňeşçisi Merkezi Aziýada saparda bolar

Azerbaýjanyň, Türkiýäniň we Özbegistanyň üçtaraplaýyn duşuşygy