DÜNÝÄ

Trapmyň daşary ýurt lideri bilen ilkinji telefon söhbetdeşligi

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp döwlet baştutany wezipesinde ilkinji telefon söhbetdeşligini Saud Arabystanynyň mirasdüşer şazadasy Muhammed bin Salman bilen geçirdi.

Mirasdüşer şazada Doland Trampyň ak Tama gaýdyp gelenden soňra telefon söhbetdeşligini geçiren ilkinji daşary ýurtly lider boldy.

Saud Arabystanynyň metbugat gullugynyň habar bermegine görä, mirasdüşer şazada Patyşalygyň Amerikada maýa goýumlaryny we söwda gatnaşyklaryny giňeltmegi maksat edinýändigini belledi. Geljek 4 ýylda 600 milliard dolalrlyk maýa goýumlaryň özleşdirilmegi göz öňünde tutulýar.

Şeýle hem iki ýurduň liderleri Ýakyn Gündogarda parahatçylygyň, durnuklylygyň hem-de howpsuzlygyň üpjün edilmegi babatdaky meseleler boýunça pikir alyşdylar.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň we Ermenistanyň daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň duşuşygy

Gyrgyzystan bilen Seýşel adalary wiza düzgünini ýatyrýan ylalaşyga gol çekdiler

Italiýanyň Premýer-ministriniň Azerbaýjana sapary

BMG-niň Türkmenistandaky wekili Azerbaýjana bellendi

Özbegistan Merkezi Aziýanyň bitewi syýahatçylyk halkasyny döretmegi teklip etdi

Türkmenistanyň ilçisi ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň kömekçisi bilen duşuşdy