DÜNÝÄ

Trampdan türk asylly lukmana teklip

ABŞ-nyň saýlanan Prezidenti Donald Tramp türk asylly lukman we alypbaryjy Mehmet Öz üçin öz hökümetinde täze wezipä hödürledi. Mehmet Öz üçin “Medicare” we “Medicaid” hyzmat merkeziniň başlygy wezipesi teklip edildi.

Tramp bu barada “Truth Social” jemgyýetçilik torunda habar berdi.

– Men lukman Mehmet Özi köp ýyldan bäri tanaýaryn. Onuň her bir amerikalnyň iň gowy lukmançylyk hyzmatyny almagy ugrunda tagalla etjekdigina ynanýaryn. Bu hem biziň döwletimizi beýik we sagdyn eder – diýip, Tramp belledi.

Mälim bolşy ýaly, Mehmet Öz ýürek lukmany we alypbaryjy. Ol 2022-nji ýylda Trampyň goldawy bilen Pensilwaniýa ştatynyň senaty üçin dalaşgär görkezilipdi.

Ýene-de okaň

Endi Bernem – Beýik Britaniýanyň täze Premýer-ministri

Türkmenistan «ÝB-Merkezi Aziýa» ýokary derejeli dialogyň 13-nji mejlisine gatnaşdy

Türkmenistan bilen Gruziýa medeni hyzmatdaşlygy ösdürmäge ygrarly

Koreý-türkmen parlamentara dostluk toparynyň başlygy bilen duşuşyk geçirildi

Aşgabatda Kataryň Emiriniň kakasynyň aradan çykmagy zerarly gynanç bildirildi

Türkmenistan-Ýaponiýa: «Bir oba, bir önüm» başlangyjy öňe sürülýär