DÜNÝÄ

Tramp: Si Szinpin 2026-njy ýylda ABŞ-a döwlet sapary bilen geler

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin bilen geçiren telefon arkaly söhbetdeşligi barada beýanat berdi. Ol bu barada özüniň “Truth Social” jemgyýetçilik tory arkaly habar berdi.

“Men Hytaýyň Başlygy Si Szinpin bilen örän netijeli telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdim. Biz köp sanly meseleleri, şol sanda sebit we halkara meselelerini, soýa we beýleki oba hojalyk önümleriniň eksportuny ara alyp maslahatlaşdyk. Oba hojalyk pudagynyň önüm öndürijileri üçin örän möhüm ylalaşyk baglaşdyk. Biziň Hytaý bilen gatnaşyklarymyz aýratyn berkeýär!” – diýlip, bellenilýär.

Trampyň aýtmagyna görä, bu telefon söhbetdeşligi üç hepde mundan ozal, Günorta Koreýada iki lideriň üstünlikli geçen duşuşygynyň dowamy boldy. Ol şondan bäri iki tarapyň ylalaşyklaryň degişli we takyk bolmagy üçin ep-esli öňegidişlik gazanandygyny nygtady.

“Indi biz umumy meselelere ünsi jemläp bileris. Şuňa laýyklykda, HHR-iň Başlygy Si Szinpin maňa aprel aýynda (2026-njy ýyl) Pekine sapara barmagy teklip etd, we men çakylygy kabul etdim. Men hem oňa jogap sapary amala aşyrmagy teklip etdim, ol şol ýylyň ahyrynda ABŞ-a döwlet sapary bilen meniň myhmanym bolar. Biz yzygiderli aragatnaşygyň möhümdigi barada ylalaşdyk we men muňa sabyrsyzlyk bilen garaşýaryn” – diýip, Tramp sözüni jemledi.

Ýene-de okaň

Amerikada Green Kart boýunça täzelik bar: DV-2027 yglan edilermi?

Türkmenistanyň Baş konsulynyň Stambul şäheriniň häkimi bilen duşuşygy

Sergeý Lebedew Türkmenistanyň ilçisine täze wezipesinde üstünlikleri arzuw etdi

BMG-niň Baş Assambleýasy Halkara kofe gününi döretdi

Türkmenistanyň ilçisi Portugaliýanyň Prezidentiniň wezipä girişmegi mynasybetli dabaralara gatnaşdy

Azerbaýjan Prezidentiň tabşyrygy esasynda Eýrana ynsanperwer kömegini iberdi