DÜNÝÄ

Töwekgelçilikleri dolandyrmak boýunça okuw çäresi  geçirildi

2023-nji ýylyň 22-26-njy maýy aralygynda Bütindünýä gümrük guramasynyň ýardam bermeginde we Hytaý gümrük hyzmatdaşlygy gaznasynyň (CCF China) hemaýatkärliginde Döwlet gümrük gullugynyň işgärleri üçin töwekgelçilikleri dolandyrmak boýunça okuw çäresi  geçirildi. Çärä, gümrük edaralarynda töwekgelçilikleri dolandyrmak ulgamyny ornaşdyrmak işine gatnaşýan dürli bölümlerden 20 sany hünärmen gatnaşdy. Bu barada gümrük edarasynyň resmi saýtynda bellenilip geçilýär.

Bäş gün dowam eden okuw, Bütindünýä gümrük guramasy tarapyndan töwekgelçilikleri dolandyrmak ugry boýunça akkreditirlenen bilermenleri, Hindistanyň gümrük gullugynyň işgäri jenap Akhileş Pandey we Ýaponiýanyň gümrük gullugynyň işgäri hanym Ýuko Mamiýa tarapyndan geçirildi.

Okuw çäresiniň barşynda bilermenler töwekgelçiligi dolandyrmak boýunça Bütindünýä gümrük guramasynyň Düzgünnamasyny, töwekgelçilikleri ýüze çykarmak we profilleri işläp taýýarlamak babatynda Guramanyň iň täze gurallaryny gatnaşyjylaryň dykgatyna ýetirdiler. Şeýle-de guramaçylyk derejede töwekgelçiligi dolandyrmak, dessin töwekgelçiligi dolandyrmak, ýagny töwekgelçilige baha bermek, profilirlemek we maksatlary, şol sanda maglumatlary we dessin maglumatlary kesgitlemek ýaly mowzuklar gozgaldy.

Çärä gatnaşyjylar töwekgelçilikleriň nädip ýüze çykarylmagy we aradan aýrylmagy barada meseleleri hem-de Bütindünýä gümrük guramasynyň töwekgelçilikleri dolandyrmak boýunça gözükdirmesinde beýan edilen usullaryna laýyklykda, bu ugurda netijeli guraly işläp taýýarlamagyň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Amaly sapaklaryň dowamynda gatnaşyjylar özara hem-de Bütindünýä gümrük guramasynyň bilermenleri bilen tejribe alyşdylar.

Maslahata gatnaşyjylaryň belleýşi ýaly, okuw çäresiniň ýurdumyzda töwekgelçilikleri dolandyrmak ulgamyny işe girizmek we ony netijeli peýdalanmak boýunça alnyp işleriň hilini ýokarlandyrmak üçin oňyn mümkinçilik boldy.

Ýene-de okaň

ÝUNESKO-nyň ştab-kwartirasynda halkara Nowruz baýramyna bagyşlanan dabaraly çäre geçirildi

Seulda türkmen-koreý syýasy geňeşmeleri geçirildi

17-nji aprelde GDA-nyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy geçiriler

Aşgabat-Seul: konsullyk meseleleri boýunça geňeşmeler geçirildi

Türkmenistan Ýaponiýanyň gadymy paýtagty bolan Nara şäheri bilen hyzmatdaşlygy giňeldýär

Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Koreýada türkmen talyplary bilen duşuşdy