Ozal habar berşimiz ýaly, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan gaz geçirijisiniň owgan böleginde alnyp barylýan gurluşyk işleri bilen tanyşdy.
Owganystanyň ýokary derejeli wekiliýeti, ykdysady meseleler boýunça premýer-ministriň orunbasary Abdul Gani Baradar Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň ýolbaşçylary bilen duşuşdy. Bu barada Owganystanyň premýer-ministriň orunbasarynyň resmi saýtynda habar berilýär.
Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň ýolbaşçylary Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan gaz geçirijisiniň owgan böleginde alnyp barylýan gurluşyk işleri barada habar berdiler.
Häzirki wagtda TOPH taslamasynyň owgan böleginde 14 kilometr gurluşyk işleri alnyp baryldy we ýene-de turba geçirijilerini gurnamak üçin 70 kilometrlik meýdan işleri geçirildi.
Şeýle hem turbalary gurnamak üçin 30 kilometrlik bölekde işler tamamlanyp, öňümizdäki aýlarda bu bölekde hem turbalary gurnamak işleri geçiriler.
Şeýlelikde, häzirki wagtda Merkezi Aziýa bilen Günorta Aziýanyň arasyndaky energetika köprüsi bolup hyzmat etjek TOPH taslamasynyň Owganystandaky işleri üstünlikli alnyp barylýar. Bu ugurda owgan tarapynyň hem uly goldawy bar.
Bu möhüm sebitleýin taslamanyň Owganystan bölegindäki işleri geljek ýylda tamamlamak göz öňünde tutulýar.
Ykdysady meseleler boýunça premýer-ministriň orunbasary Abdul Gani Baradar TOPH taslamasyny durmuşa geçirmek babatda alnyp barylýan işlere ýokary baha berdi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri TOPH taslamasynyň owgan bölegindäki işler bilen tanyşdy
