SPORT

Tokio-2020: 62 ýaşynda kümüş medalyň eýesi

Tokioda geçirilýän tomusky Olimpiýa oýunlarynda 62 ýaşyndaky türgen hem kümüş hem-de bürünç medal gazandy. Awstraliýaly Endrýu Hoe konkur ýaryşynda medal gazanyp, öz ýurdunyň Olimpiýa oýunlarynda medal gazanan iň ýaşuly türgeni bolmagynda galýar.

Olimpiýa oýunlarynda medal gazanmak islendik türgeniň iň ýokary üstünligidir. ýöne ony 4 dürli Olimpiýa oýunlarynda gazanmak başga bir duýgudyr. Awstraliýaly Endrýu Hoe 28 ýyl aratapawutda 4 oýunlara gatnaşdy.

Onuň Olimpiýa oýunlaryndaky ilkinji çykyşy 1984-nji ýylda Los-Anželezde bolupdy. Ýöne 0l 8 ýyldan soňra 33 ýaşynda Barselonadaky ýaryşda altyn medal gazanypdy. 1996-njy ýylda Atlantadaky Olimpiýa oýunlarynda hem altyn medal gazanan awstraliýaly Endrýu Hoe 2004-nji ýylda Afinydaky we 2012-nji ýylda Londondaky ýaryşlara hem gatnaşypdy, ýöne bu ýaryşlarda ýeňiş gazanyp bilmändi.

Tokiodaky Olimpiýa oýunlarynda ol medal gazanan iň ýaşuly türgenleriň biridir. Mundan ozal, 1968-nji ýylda Meksikada geçirilen Olimpiýa oýunlarynda 66 ýaşynda medal gazanan şwesiýaly türgen Lui Nowerezza medal gazanan iň ýaşuly türgen bolup durýar.

 

Tokio-2020: 29 ýyldan soňra medal gazandy

Ýene-de okaň

Arkadag şäherinde halkara futbol duşuşygy geçiriler

Rus türgen UFC-niň täze çempiony boldy

Artem Dzýuba – rus futbolynyň täze rekordçysy

Aşgabatda AFK-nyň zenanlar futbol güni bellenildi

Rus hokkeýçi Oweçkin taryhy rekordyna golaýlaýar

Çempionlar ligasy: “Inter”, “Bawariýa”, “Barselona” we “Liewrpul” ýeňiş gazandy