SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Tokio-2020: 29 ýyldan soňra medal gazandy

Ýaponiýanyň paýtagty Tokio şäherinde geçirilýän tomusky Olimpiýa ýounlarynda Gananyň milli ýygyndysy 29 ýyldan soňra medal gazandy. Günbatar Afrika sebitiniň ýurdy bolan Gana 29 ýyldan soňra dünýäniň iň abraýly halkara ýaryşynda medal gazandy.

Tokio Olimpiýa oýunlarynyň 11-nji gününde 20 ýaşly ganaly boksçy Samuel Takýi amerikaly bäsdeşi Duke Regan bilen bäsleşip, bürünç medal gazandy.

Takýi 1992-nji ýyldan soňra Gananyň milli ýygyndysynyň adyndan Olimpiýa oýunlarynda medal gazanan ilkinji türgen boldy.

Gananyň milli ýygyndysy Olimpiýa oýunlarynyň geçirilip başlanan wagtyndna bäri jemi 4 medal gazandy. Olaryň 3-üsini boks sportunda aldy.

Klement Kuarteý 1960-njy ýylda boks sportundan kümüş medal gazanyp, Gananyň Olimpiýa oýunlaryndaky ilkinji medalyny gazanypdy. Soňra Eddie Blaý hem-de Prins Amarteý degişlilikde 1964-nji hem-de 1972-nji ýyllarda bürünç medal gazanypdy.

 

Täjigistanyň Prezidenti Türkmenistana geldi

Ýene-de okaň

Aşgabat-Deli ugry boýunça goşmaça gatnawlar guralar

Türkiýe 2025-nji ýylda syýahatçylykdan 64 milliard dollar girdejä garaşýar

Azerbaýjanyň syýahatçylyk mümkinçilikleri

Ata Watan Eserleri

Aşgabat-Moskwa rejeli gatnawlaryň togtadylmagy dowam edýär

XII Türkmen-german forumy geçiriler

Tramp Amerikada ýaşamak üçin “altyn kart” wizasyny hödürleýär

Ata Watan Eserleri