SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

THY: Türkmenistan ugry boýunça ýene-de bir ýörite gatnawyny amala aşyrdy

Soňky ýyllarda Türkmenistanyň ýaş oglan gyzlary daşary ýurtda bilim almaga uly isleg bildirýärler. Şeýle ýurtlaryň biri hem Türkiýe Respublikasydyr. Türkiýe Respublikasynyň ýokary okuw mekdepleriniň 50-den gowragy Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň diplomy ykrar edilýän ýokary okuw mekdepleriniň sanawynda durýar.

Şu günler Türkiýede bilim almaga isleg bildirip, talyp wizasy alan Türkmenistanly ýaşlaryň ençemesiniň Türkmenistan-Türkiýe ugry boýunça ýerine ýetirilýän ýörite uçra gatnawlary arkaly Stambul şäherine gelmegi dowam edýär.

Häzirki wagtda “Türkmenistan” awiakompaniýasy bilen bir hatarda Türkiýäniň “Türkhowaýollary” kompaniýasy ýörite gatnawlary ýerine ýetirýärler.

“Türkhowaýollary” kompaniýasy ýene-de bir ýörite gatnawyny amala aşyrdy. Bu awiakompaniýanyň uçary Stambuldan Türkmenbaşy şäherine gelip, bu ýerdenem 26-syndan 27-sine geçilen gije ýene-de Stambul şäherine uçdy. Uçar gatnawyndan türkmenistanly talyplaryň köp sanlysy peýdalandy.

Ýene-de okaň

2025-nji ýylda dünýä boýunça halkara syýahatçylaryň sany 4 % artdy

Ata Watan Eserleri

Saglygy goraýyş çygrynda türkmen-gruzin hyzmatdaşlygy pugtalanýar

THY: Aşgabat-Stambul gatnawlarynyň sanyny hepdede 17-ä çykaryldy

German lukmanlary Türkmenistanda iş saparynda bolýarlar

Türkmenistan Bütindünýä saglyk gününi sport çäreleri bilen bellär

Özbegistanda syýahatçylyk çalt ösýär: täze strategiýa ykdysady ösüşi güýçlendirýär