SPORT

Tennis sportunda iň köp gazanan türgenler

“Forbes” žurnalynyň taýýarlanan maglumatyna laýyklykda, 20 gezek “Uly tuwulga” ýaryşlarynyň ýeňijisi Rojer Federer iň köp gazanan tennis türgenleriniň sanawynda birinji orunda durýar. Ol tennis sporty bilen meşgullanmadyk halatynd ahem 90 million dollar gazandy.

Bu sanawda ikinji orny ýaponiýaly Naomi Osaka eýeledi. Ýapon tennisçi 56,2 million dollar gazanyp, onuň 1,2 millionyny tennis ýaryşlaryndan, 55 millionyny bolsa ýaryşlardan daşary gazandy.

“Uly tuwulga” ýaryşlarynda 23 gezke ýeňiji bolan amerikaly Serena Uilýams bolsa sanawda üçünji orunda bolup, onuň gaznajy 35,1 million dollara deňdir. Ol hem bu gazanjynyň 0,1 milliony tennis ýaryşlaryndan gazandy. Meşhur tennisçi ýakyn wagtda sport karýerasyny tamamlap, işewürlik bilen gyzyklanjakdygyny mälim etdi.

Şeýle hem iň köp gazanan türgenleriň ilkinji onlugynda ispaniýaly Rafael Nadal, serbiýaly Nowak Jokowiç, britaniýaly Emma Radukanu, ýaponiýaly Keý Nisikori, amerikaly Winus Uilýams, ispaniýaly Karlos Alkaras  we russiýaly Daniil Medwedew hem bar.

Ýene-de okaň

Türkmen boksçysy Döwlet Islamow Aziýa çempionatynda bürünç medal gazandy

AFK-nyň futbol boýunça dolandyryş okuwyna badalga berildi

Rumyniýaly meşhur tälimçis Mirça Luçesku aradan çykdy

Geçen ýylyň çempiony “Arkadag” täze möwsüme uly hasaply ýeňiş bilen başlady

Ankarada 2026-njy ýylyň şygryna we Bütindünýä saglyk günine bagyşlanan futbol bäsleşigi geçirildi

Aziýanyň boks çempionaty:türkmenistanly Döwlet Yslamow ýarym finala çykdy