TEHNOLOGIÝA

Tbiliside bahasy 1,25 mlrd dollar bolan täze howa menzili gurlar

Gruziýa Tbiliside täze halkara howa menziliniň gurluşygyna başlanýar – bahasy 1,25 milliard dollar bolan iri infragurluşyk taslamasy bolup durýar.

Bu barada ýurduň ykdysadyýet we durnukly ösüş ministri Mariam Kwrivişwili habar berdi.

Ministriň aýtmagyna görä, täze howa menzili Gruziýanyňň awiasiýa pudagynyň we syýahatçylyk pudagynyň utgaşykly ösüşi üçin strategik ähmiýete eýe. Taslama Aziýa ösüş bankynyň goldawy bilen geçirilen jikme-jik barlaglara we ykdysady taýdan maksadalaýyklygy boýunça hasaplamalara esaslanýar. Gurluşygyň 2031-nji ýyla çenli tamamlanmagyna garaşylýar.

2050-nji ýyla çenli ýolagçy akymy, ýük daşamalary we syýahatçylyk boýunça öňe sürlen çaklamalar häzirki Tbilisi howa menziliniň artýan islegi kanagatlandyryp bilmejekdigini görkezýär.

Ýene-de okaň

NASA-dan taryhy ädim: 54 ýyldan soň Aýa ilkinji adamly uçuş başlady

Internet ulanyjylarynyň sany boýunça öňdebaryjy ýurtlar

Türkiýede 5G döwri başlady

Türkmenistanda 5G we 4G+ torlaryny ýaýbaňlandyrmak üçin bäsleşik yglan edildi

Türkmenistan-Ýaponiýa: maglumat merkezleriniň ulgamy dörediler

«Türkmenpoçta» bütindünýä poçta birleşmesiniň halkara IPS sanly ulgamyna birikdiriler