BILIM

Täze Zelandiýa mekdeplerde telefony gadagan eder

Täze Zelandiýanyň hökümeti ähli umumybilim berýän mekdeplerde mobil telefonlarynyň ulanylmagyna gadaganlyk girizmegi meýilleşdirýär. Bu barada ýurduň Premýer-ministri Kristofer Lakson habar berdi.

– Biz Täze Zelandiýanyň ähli mekdeplerinde mobil telefonlary ulanmagy gadagan etmegi göz öňünde tutýarys. Bu öňden gelýän tejribe we bilimde oňat netijelere berýär – diýip, hökümet baştutany žurnalistlere beren beýanatynda belläp geçdi. Onuň aýtmagyna görä, käbir mekdepleriň özbaşdak bu ugurda karar alyp, oňat netijeler gazandy.

Şeýle hem Lakson täze hökümetiň mekdeplerde okaýanlaryň akademik üstünliklerine gönükdirilen hökmany bilim ülňülerini girizmegi meýilleşdirýändiklerini belläp, mekdep maksatnamalaryna düýpgöter täzeden seretmegi göz öňünde tutýandyklaryny beýan etdi.

Ol her bir çaganyň ýaşyna görä hem-de bilermenler tarapyndan ylalaşylan okuw maksatnamalarynyň zerur bolup durýandygyny aýtdy.

Mälim bolşy ýaly, Täze Zelandiýada 14-nji oktýabrda parlament saýlawlary geçirildi. Şonuň netijesinde, Kristofer Lakson ýurduň 42-nji Premýer-ministri boldy.

Ýene-de okaň

Abdulkasym Ferdöwsiniň şygryýet güni mynasybetli goşgy okamak bäsleşigi geçirildi

«Soňky jaň» dabaralary ýokary derejede geçirmek tabşyryldy

Türkmenistanyň Bilim ministrliginde Aziýa Ösüş Bankynyň wekilleri bilen duşuşyk geçirildi

Aşgabatda halkara bäsleşigiň ýeňijilerini sylaglandy

Bitaraplyk tejribesi we hyzmatdaşlyk Türkmenistanda geçirilen forumyň üns merkezinde boldy

Türkmenistan we Belarus lukmançylyk uniwersitetleriniň arasyndaky hyzmatdaşlygy maslahatlaşdylar