JEMGYÝET

COP-28 sammiti: dünýä döwletleriniň başlangyçlary

Ozal hem habar berşimiz ýaly, Birleşen Arap Emirlikleriniň Dubaý şäherinde Birleşen Milletler Guramasynyň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 28-nji maslahaty (СOP-28) geçirilýär. Ol şu wagta çenli geçirilen halkara maslahatyň iň köp wekiliýeti kabul eden forumlaryň biri boldy. Dünýäniň 140-dan gowrak döwletinden döwlet we hökümet baştutanlary gatnaşýar.

Bu halkara maslahata Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda türkmen wekiliýeti hem gatnaşýar we Türkmenistanyň Prezidenti möhüm başlangyçlary öňe sürdi.

Sammite gatnaşan döwletleriň öňe süren başlangyçlary:

  • Sammite gatnaşýan Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan Birleşen Milletler Guramasynyň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 31-nji maslahaty (СOP-31) 2026-njy Türkiýede geçirmäge taýýardygyny beýan etdi.
  • Ispaniýanyň hökümet başlygy Pedro Sançes howa gazanasyna 20 million ýewro göýbermegi meýilleşdirýändigini belläp, Amazonka derýasynyň kenarlaryndaky daşky gurşawy goramak üçin öňüni alyş çärelerini geçirmegi hem-de tokaýlaryň ýok edilmeginiň öňüni almagyň möhümdigini belledi. Amazonka derýasynyň kenaryndaky daşky gurşaw taslamalary üçin 2 million ýewro gönükdirjekdiklerini beýan etdi.
  • Hindistanyň Premýer-ministri Narendra Modi 2028-nji ýylda COP-33 maslahatyny öz ýurdunda geçirmäge taýýardygyny belledi.
  • Italiýanyň Premýer-ministri Jorja Meloni ösüp gelýän döwletleriň howanyň üýtgemegi boýunça ýitgileriniň we zyýanlarynyň öwezini dolmak üçin döredilen gazna 100 million ýewro gönükdirjekdiklerini habar berdi.
  • Niderlandlaryň Premýer-ministriniň wezipesini ýerine ýetiriji Mark Rýutte ösüp gelýän döwletleriň howanyň üýtgemegi boýunça taslamalaryna her ýyl 1,8 milliard ýewro gönükdirýändiklerini beýan etdi.
  • Fransiýanyň Prezidenti Emmanuel Makron Uly-7-lige girýän döwletleriň 2030-njy ýyla çenli kömürden ýüz öwürmelidiklerini belläp, bu ugurda nusga bolmagyň zerurdygyny belledi.
  • Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew Araly halas etmek üçin has köp möçberde serişdeleriň bölünip berilmeginiň zerurdygyny belledi.

Ýene-de okaň

Oguljahan Atabaýewa Adaty däl lukmançylyk otagynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy

Hytaýyň Döwlet Geňeşiniň Premýeriniň birinji orunbasary Türkmenistana geldi

BMG Merkezi Aziýany dünýäniň geljegi uly syýahatçylyk sebitleriniň biri diýip atlandyrdy

Türkmenistanyň wekiliýeti Serhetleriň howpsuzlygy boýunça Bütindünýä kongresine gatnaşýar

Ata Watan Eserleri

“Turkmentravel – 2026” atly halkara syýahatçylyk sergisi geçirilýär

Si Szinpiniň ýörite wekili «Galkynyş» gaz käniniň 4-nji tapgyrynyň düýbüni tutmak dabarasyna gatnaşar

Ata Watan Eserleri