BILIM

Täze okuw ýyly başlady: ilkinji jaňlar kakyldy

Şu gün Türkmenistanda Bilimler we talyp ýaşlar güni giňden bellenilýär. Şu mynasybetli ýurdumyzyň ähli künjeginde baýramçylyk çärelerine giň gerim berildi. Bilim ojaklarynda kakylan ilkinji jaňlar täze ― 2022-2023-nji okuw ýylynyň başlanýandygyny buşlady. Bu barada “Türkmenistan” gazetiniň elektron neşiri habar berýär.

Däp bolşy ýaly, ir säher bilen Garaşsyzlyk binasyna hem-de Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň Yzgant obasyndaky 27-nji orta mekdepdäki Berdimuhamet Annaýewiň ýadygärligine gül goýmak dabaralary geçirildi. Aşgabatda we welaýatlarda täze okuw-terbiýeçilik edaralarynyň açylmagy baýramçylygyň dabarasyny has-da artdyrdy. Orta, ýörite orta hem-de ýokary okuw mekdeplerinde dabaraly nyzamlar guraldy. Mekdep durmuşyna ilkinji gezek gadam basýan 159 müň 772 okuwça hormatly Prezidentimiziň adyndan kompýuterler sowgat berildi. Diýarymyzyň ähli bilim edaralarynyň ilkinji okuw sapaklary bolsa «Halkyň Arkadagly zamanasy» ady bilen geçirilýär.

SANLAR WE MAGLUMATLAR:

  • Ýeri gelende bellesek, 2022-2023-nji täze okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli ýurdumyzyň çäginde orta mekdepleriň 7-si, çagalar baglarynyň 5-si ulanmaga berildi.
  • Täze okuw ýylynda Türkmenistan boýunça 1882 sany orta mekdepde 1 million 574 müň 737 okuwçynyň, raýat ugurly 20 sany ýokary okuw mekdebinde 65 müň 242, orta hünär okuw mekdepleriniň 42-sinde 26 müň 479 talybyň okamagyna garaşylýar.
  • Mugallymçylyk ugurly orta hünär we ýokary okuw mekdeplerinde okuwlaryny tamamlan ýaşlaryň 3165-si Aşgabat şäheriniň hem-de welaýatlaryň bilim edaralaryna işe ýollanyldy.
  • Şeýle-de diplomlary ykrar edilen pedagogik bilimli raýatlaryň 411-si bilim edaralaryna işe kabul edildi.

Umuman, täze okuw ýylynda ýurdumyzyň bilim-terbiýeçilik edaralarynda ýaşlaryň aň-bilim we beden taýdan kämilleşmekleri, döwrebap bilimlere eýe bolmaklary üçin ähli zerur şertler göz öňünde tutuldy.

Ýene-de okaň

Türkmenistanda aprel aýynda halkara ylmy-amaly maslahatlar we olimpiadalar geçiriler

Türkmen ýokary okuw mekdepleri “Lomonosow-2026” forumynyň halkara meýdançasy bolar

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň wekiliýetiniň London şäherine iş sapary

Üsküdar uniwersiteti Türkmenistanyň sanawynda – amatly bahadan okamak mümkinçiligi

Ata Watan Eserleri

Türkmen talyplaryna Italiýada talyp hakly okamak mümkinçiligi

Ata Watan Eserleri

Türkiýäniň halkara abraýly uniwersitetleri : THE 2026 sanawy

Ata Watan Eserleri