TEHNOLOGIÝA

Täze «iPhone» martda tanyşdyrylar

Germaniýanyň «Iphone-ticker» portalynyň ýazmagyna görä, «Apple» kompaniýasy täze ― «iPhone 9» modeliniň tanyşdyryş dabarasyny 31-nji martda meýilleşdirýär. Bu telefonlar 3-nji aprelde satlyga çykar.

«Apple» kompaniýasy ýakynda häzirki söwda dolanyşygynda bolan «iPhone» modelleriniň satuwynda biraz çäklendirmeleri girizdi. Çünki ýurtdaky ýagdaýlar sebäpli, Hytaýdaky zawodlar işlemegini bes etdi. Bu bolsa kompaniýanyň doly güýjünde işlemegini bökdeýär.

Muňa garamazdan, kompaniýa täze modeli jemgyýetçilige hödürlemek üçin koronowirusdan ýaýdananok. Hem ýokary hilli, hem baha taýdan amatly boljak täze model eýýäm dünýä ýüzünde hem uly gyzyklanmalara eýe boldy.

Related posts

Kosmosda surat çeker

Ata Watan Eserleri

“Apple Watch” seriýasy 10 täze funksiýalar bilen täzeçillik getirýär

Dünýäniň ilkinji emeli aň tehnologiýaly şäheri gurlar