SPORT

“Fenerbahçe”:1 – “Galatasaraý”:3 – 21 ýyldan soň üstünlik

Türkiýäniň milli çempionatynda iki güýçli toparlaryň arasyndaky derbi duşuşygynda “Galatasaraý” topary garşydaş meýdançada 21 ýyldan soňra “Fenerbahçe” toparyny ýeňmegi başardy. “Fenerbahçe” aňsat-aňsat Kadyköýdäki öz meýdançasynda “Galatasaraý” toparyna ýeňilmeýärdi.

Bu gezekki duşuşyk “Galatasaraý”-yň 3:1 peýdasyna tamamlandy. 1999-njy ýyldan bäri ýeňilmeýän gelýän “Fenerbahçe” 1-0 hasabynda öňe geçendigine garamazdan, 3 jogapsyz pökgüni geçirdip, ýeňlişe sezewar boldy. “Fenerbahçe”-niň gollary Kruse geçirdi. “Galatasaraý” toparyndan bolsa Rýan Donk, Falkao we Onýekuru tapawutlandy.

Şeýle hem duşuşykda emin tarapyndan her iki toparyň bir oýunçysyna gyzyl kart görkezildi. Mundan başga-da “Fenerbahçe” toparynyň tälimçisi Ersun Ýanala hem gyzyl kart görkezilip, ol hem tomaşaçylaryň ýanyna iberildi.

Related posts

Futbolyň tomusky transfer möwsüminde 7.36 milliard dollar sarp edildi

Ata Watan Eserleri

Boks boýunça Aziýa çempionaty Dubaýa geçirildi

Polşa öýüne gaýdan ilkinji ýygyndy boldy