DÜNÝÄ

Täjigistanyň, Özbegistanyň we Gyrgyzystanyň Prezidentleriniň üçtaraplaýyn sammiti geçirildi

Täjigistan Respublikasynyň Hujand şäherinde Täjigistanyň, Özbegistanyň we Gyrgyzystanyň Prezidentleriniň üçtaraplaýyn sammiti geçirildi. Oňa Täjigistanyň Prezidenti Emomali Rahmon, Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow hem-de Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew gatnaşdy.

Halkara Nowruz baýramçylygyň çäklerinde geçirilen bu duşuşykda sebit hyzmatdaşlygy ara alnyp maslahatlaşyldy. Döwlet Baştutanlary döwletara gatnaşyklarynyň köp ýyllyk dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk hem-de özara tagallalar esasynda ösdürilýändigini bellediler.

Duşuşygyň çäklerinde 3 ýurduň Liderleri Täjigistanyň, Özbegistanyň we Gyrgyzystanyň döwlet serhetleriniň birleşýän nokady babatda Şertnama gol çekdiler.

Bu gol çekilen ylalaşygyň çäklerinde özara gatnaşyklarda täze döwrüň başlanandygy bellenildi.

Sadyr Žaparow Gyrgyzystanyň Oş, Täjigistanyň Hujand we Özbegistanyň Andižan şäherleriniň diňe bir tayrhy merkezler bolman, eýsem köp asyrlyk medeniýetiň, baý däp-dessurlaryň nyşany bolup durýandygyny belledi.

Sammitiň çäklerinde ikiçäk duşuşyklar geçirildi. Sadyr Žaparow we Emomali Rahmon “CASA-1000” elektroenergetika taslamasynyň çäklerinde “Datka-Sogd” 500 kW elektrik geçirijisiniň ulanmaga berilmegine bagyşlanan onlaýn dabara gatnaşdylar. Bu taslama Merkezi Aziýanyň elektrik energiýasyny Günorta Aziýa döwletlerine ibermäge mümkinçilik berýär.

Liderler öňde boljak möhüm sammitler barada hem pikir alyşdylar. Şu hepde Samarkant şäherinde “Merkezi Aziýa – Ýewropa Bileleşigi” ilkinji sammiti we Howa forumy geçiriler. Maý aýynda Aýlagdaky arap döwletleri bilen sammit guralar we sentýabr aýynda Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň 7-nji Konsultatiw duşuşygy guralar.

Ýene-de okaň

Indoneziýa Türkmenistana täze ilçi belledi

ÝB-Türkmenistan: birinji işewürler forumy geçiriler

Metbugat duşuşygy: «Aşgabat – Tbilisi: pikirleriň we täze mümkinçilikleriň arasyndaky janly köpri»

Türkmenistanyň Ýewropa Bileleşigi bilen hyzmatdaşlygy boýunça brifing geçirildi

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň ykjam goşundysy işe girizildi

Baş Sekretar Türkmenistanyň hemişelik wekiliniň ynanç hatyny kabul etdi