BIZNES

Täjigistanda özbek awtoulaglary satylyp başlandy

“UzAuto Motors” kompaniýasy Täjigistanda “Chevrolet”-iň dört sany modelini satyp başlady. Bu barada kompaniýanyň metbugat gullugy habar berdi.

Özbek öndürijileri tarapyndan goňşy ýurtdaky müşderilere “Spark”, “Cobalt”, “Nexia” we “Lacetti” modelleri hödürlenýär.

Kompaniýa awtoulaglary bäsdeşlik nyrhlarda satmagy üpjün etmek maksadynda  ýerli wekiller ulgamyny ösdürmek we Täjigistanyň banklary bilen hyzmatdaşlykda karz maksatnamalaryny işe girizmegi meýilleşdirýär.

Öňräk “UzAuto Motors” Täjigistanda öz awtoulaglaryny ýygnamagy ýola goýmagy habar beripdi. Munuň üçin “Auto Motors Tadjikistan” bilelikdäki kärhanasyny döretmek barada şertnama gol çekilipdi.

Gara çaý beýniniň işine oňyn täsir edýär

 

Related posts

Türkmenistan bilen Hindistan işewür hyzmatdaşlygyny maslahatlaşdy

Ukraina Azerbaýjadan tebigy gaz satyn almak isleýär

COVID-19: amerikaly milliarderleriň baýlygy artdy

Ata Watan Eserleri