SPORT

Neýmar PSŽ-ä, aslynda, näçeräk baha bilen geldikä?

Ispaniýanyň “El Mundo” neşri Neýmaryň PSŽ bilen baglaşan şertnamasynyň teswirlerini paýlaşdy.

Gazet: “Neýmaryň PSŽ bilen futbolyň ykdysady deňagramlylygyny bozýan şertnama” baglaşandygyny ýazýar. PSŽ Neýmar üçin “Barselona” 222 million ýewro töledi. Emma  transferiň umumy mukdary ― aýlyk we bonuslary hasaba alan ýagdaýda 489,228,117 ýewro barabar boldy.

2017-nji ýylyň tomsunda braziliýaly hüjümçi 5 ýyllyk şertnama gol çekdi, oňa ýylyna 43,334, 400  ýewro hak tölendi. Şeýle hem şertnamada altynjy ýyl göz öňünde tutulan, şondan soň klub futbolça wepalylyk üçin bonus hökmünde 50,556,117 ýewro tölenmeli.

Şu tomusda Neýmar şertnamasyny 2025-nji ýyla çenli uzaltdy. “El Mundo”-nyň habaryna görä, pul şertnamasy öňki şertnamanyň soňky ýylynyň şertlerine laýyk düzülen. Şeýle hem, futbolçy klub bilen baglanyşykly ähli görnüş hukuklaryny PSŽ-e geçirdi.

Yragyň nebitgaz pudagyna 27 milliard dollar maýa goýlar

 

Ýene-de okaň

Messiniň taryhy rekordy

Eýranyň dünýä çempionatyndaky özboluşly rekordy

Germaniýa 12 ýyldan soňra pleý-off tapgyryna çykdy

Dünýä çempionatlarynyň taryhyndaky 1000-nji duşuşyk geçirildi

Türkmen dzyudoçysy Maýsa Pardaýewa Mongoliýada bürünç medal gazandy

Türkiýäniň milli ýygyndysy dünýä çempionaty bilen hoşlaşdy