JEMGYÝET

Tähranda türkmen-eýran iş duşuşyklary geçirildi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Eýran Yslam Respublikasyna iki günlük resmi iş sapary başlanýar. Onuň çäklerinde şu gün irden Tährana gelen Türkmenistanyň wekiliýetiniň agzalary eýranly kärdeşleri bilen iş duşuşyklarynyň birnäçesini geçirdiler.

Mälim bolşy ýaly, ýurdumyzyň parahatçylyk söýüjilik, oňyn Bitaraplyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasat strategiýasynda goňşy ýurtlar, şol sanda Eýran Yslam Respublikasy bilen netijeli gatnaşyklaryň ösdürilmegine aýratyn ähmiýet berilýär. Dürli ugurlardaky köpýyllyk hyzmatdaşlygyň oňyn tejribesine daýanýan türkmen-eýran gatnaşyklaryny yzygiderli giňeltmek üçin uly mümkinçilikler bar. Şoňa görä-de, häzirki wagtda döwletara syýasy-diplomatik, ykdysady hem-de medeni gatnaşyklar deňhukuklylyk, özara hormat goýmak, hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgeleri esasynda barha işjeňleşdirilýär.

Türkmen wekiliýetiniň agzalarynyň Eýranyň degişli ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary bilen şu günki geçiren duşuşyklary hem özara bähbitli ikitaraplaýyn gatnaşyklary çuňlaşdyrmagyň we diwersifikasiýalaşdyrmagyň ýolunda möhüm ädime öwrüldi. Olaryň dowamynda, esasan, syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, ýangyç-energetika, ulag, senagat, bilim, medeniýet, sport ulgamlary boýunça hyzmatdaşlykda gazanylan netijeler barada aýdylyp, bu ugurlardaky gatnaşyklary hil taýdan täze derejä çykarmagyň mümkinçilikleri jikme-jik ara alnyp maslahatlaşyldy.

Ertir hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bilen Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Seýed Ebrahim Raisiniň arasynda ýokary derejeli gepleşikler geçiriler we olaryň jemleri boýunça ikitaraplaýyn resminamalaryň toplumyna gol çekiler.

 

Türkmenistan bilen Eýran ulag gatnawlaryny dikeldýär

 

Türkmen gazynyň Eýranyň üsti bilen beýleki ýurtlara iberilmegi maslahatlaşyldy

Ýene-de okaň

“Galkynyş” topary 3 million manat pul baýragy bilen sylaglandy

“Galkynyş” toparynyň agzalaryna 1000 ýewrodan pul baýragy gowşuryldy

«Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar topary gymmat bahaly sowgatlar bilen sylaglandy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň Prezidenti «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparyny gutlady

Türkmen halkynyň Milli Lideri Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-türk toparynyň mejlisi geçiriler

Ata Watan Eserleri