DÜNÝÄ

Synpda telefon ulanmak gadagan

Ispaniýanyň Madrid şäherinde 2020-nji ýylyň sentýabr aýyndna başlap, sapaklarda mobil telefon ulanmaga gadaganlyk girizilýär. Bu barada “Euro Weekly News” internet neşiri habar berýär.

Madrid şäheriniň awtonom jemgyýetiniň ýolbaşçy düzüminiň bu karary sebitiň 1,7 müň döwlet mekdeplerindäki 800 müň töweregi okuwça degişli bolar. Bu başlangyç mekdepde bilim almak babatda kynçylyk çekýän okuwçylarynyň bilim derejesini has-da ýokarlandyrmak maksady bilen öňe sürüldi.  Saglyk ýagdaýy ýa-da käbir ýetmezçilikleri sebäpli ýanynda hökman telefon zerurlygy bolan okuwçylar üçin bu gadaganlygyň güýji ýokdur.

Milli Statistika institutynyň maglumatlaryna laýyklykda, ýurtdaky 10 ýaşa çenli çagalaryň 22 göteriminde telefon bar. Çagalaryň ýaşyna görä bu göterim köpelýär. 11 ýaşly çagalaryň 38 göteriminde, 12 ýaşly çagalaryň 64 göteriminde we 13 ýaşly çagalaryň 84 göteriminde, 15 ýaşly çagalarda bolsa bu görkeziji 94 göterime deňdir.

Madrid şäheri Ispaniýada çagalara synpda mobil telefonyna gadaganlyk girizen üçünji sebit bolar. Mundan ozal, ýurduň Galisiýa we Kastiliýa-La-Mançe sebitlerinde bu ugurda degişli kararlar alnypdy.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň we Ermenistanyň daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň duşuşygy

Gyrgyzystan bilen Seýşel adalary wiza düzgünini ýatyrýan ylalaşyga gol çekdiler

Italiýanyň Premýer-ministriniň Azerbaýjana sapary

BMG-niň Türkmenistandaky wekili Azerbaýjana bellendi

Özbegistan Merkezi Aziýanyň bitewi syýahatçylyk halkasyny döretmegi teklip etdi

Türkmenistanyň ilçisi ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň kömekçisi bilen duşuşdy