DÜNÝÄ

Stoltenberg Norwegiýanyň Merkezi bankynyň başlyklygyna saýlandy

NATO guramasynyň häzirki baş sekretary Ýens Stoltenberg Norwegiýanyň Merkezi bankynyň başlyklygyna saýlandy. Ol NATO-nyň baş sekretary wezipesini tamamlandna soňra täze wezipesine girişer. Bu barada Ýens Stoltenberg gurnan metbugat ýygnagynda mälim etdi.

– 1-nji oktýabra çenli ähli ünsümi NATO-nyň ýolbaşçylygy wezipesine gönükdirerin. 1-nji oktýabryndan soňra bolsa, öýüme dolanaryn we Merkezi bankyň başlygy wezipesine girişerin – diýip, Stoltenberg habar berdi.

Ol özüne şeýle ýokary wezipä ynanylandygy üçin minnetdarlyk bildirdi. Şeýle hem ol Norwegiýanyň Premýer-ministri Ýonas Gara Stere hem minnetdar boldy.

Stoltenberg Norwegiýanyň Merkezi bankynyň ýolbaşçysy wezipesini 6 ýylyň dowamynda alyp barar. 1-nji martdan onuň Merkezi bankdaky wezipesini wagtlaýyn bankyň wise prezidenti Ida Wolden Bahe alyp barar.

Ýens Stoltenberg ozal iki gezek Norwegiýanyň Premýer-ministri boldy. Ol bu wezipeleri 2000-2001-nji we 2005-2013-nji ýyllarda ýerine ýetirdi. Ol 2014-nji ýylyň 1-nji oktýabrynda NATO guramasynyň baş sekretarlygyna saýlandy. Stoltenberg baş sekretarlyk wezipesini 2022-nji ýylyň 30-njy sentýabryna çenli alyp barar.

 

Hormatly Prezidentimiz gyşky Olimpiýa oýunlarynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy

Ýene-de okaň

Tramp Messiniň, Ronaldonyň we Keýniň oýnuna ýokary baha berdi

Eýranyň Beýik Ruhy Lideri hatyralandy

Türkmenbaşy bilen Batumi şäherleriniň arasynda doganlyk gatnaşyklary ýola goýlar

Endi Bernem – Beýik Britaniýanyň täze Premýer-ministri

Türkmenistan «ÝB-Merkezi Aziýa» ýokary derejeli dialogyň 13-nji mejlisine gatnaşdy

Türkmenistan bilen Gruziýa medeni hyzmatdaşlygy ösdürmäge ygrarly