DÜNÝÄ

Ştaýnmaýer: Germaniýa Türkmenistanyň ygtybarly hyzmatdaşy bolar

Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Prezidenti Frank-Walter Ştaýnmaýer Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň adyna gutlag hatyny iberdi. Şol hatynda Frank-Walter Ştaýnmaýer Germaniýa mundan beýläk-de Türkmenistanyň ygtybarly hyzmatdaşy boljakdygyny belledi.

Bu gutlag hatynda şeýle diýilýär:

– Sizi we Türkmenistanyň halkyny Garaşsyzlyk güni bilen gutlaýaryn.

Ýurtlarymyzyň arasyndaky diplomatik gatnaşyklar 30 ýyldan gowrak mundan ozal ýola goýuldy. Şol geçen döwürde biziň köptaraplaýyn gatnaşyklarymyz syýasy, ykdysady we medeni ulgamlarda yzygiderli ösdürildi. Germaniýa mundan beýläk-de Türkmenistanyň ygtybarly hyzmatdaşy bolar hem-de onuň ýurdy ykdysady taýdan döwrebaplaşdyrmak, demokratik ösüş ýoly boýunça ädýän ädimlerini goldar.

 

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň ilçisi ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň kömekçisi bilen duşuşdy

Türkmenistanyň ilçisi Rifat Hisarjyklyoglu bilen duşuşdy

TÜRKSOÝ-yň Baş sekretary Döwlet kitaphanasynda myhmançylykda boldy

Türkmenistan bilen Pakistan uçar gatnawlaryny ýola goýmagy maslahatlaşdy

Türkmenistanyň daşary işler ministri TÜRKSOÝ-nyň Baş sekretary bilen duşuşdy

Azerbaýjan Bütindünýä daşky gurşaw gününe taýýarlanýar