BILIM

Stanfordly türkmen dünýäniň iň abraýly baýraklarynyň birine eýe boldy

Dünýäniň iň abraýly ylmy baýraklarynyň biri hasaplanýan “Schmidt Science Fellows 2025” tapgyryna türkmen alymy Wahidullah Taj saýlanyldy. Bu barada dünýä belli “Forbes” žurnaly hem-de onuň okan okuw mekdebi bolan Purdue uniwersiteti resmi taýdan habar berdi.
Purdue uniwersiteti tarapyndan dalaşgär görkezilen Wahidullah Taj ýeňil kella urlary netijesinde ýüze çykýan beýni şikesleriniň öňüni alyş çärelerini kämilleşdirmäge gönükdirilen ylmy taslama bilen saýlandy. Onuň maksady – beýni urgularynyň wagtynda anyklanyp, şeýle ýagdaýlara garşy has täsirli gorag enjamlarynyň işlenip düzülmeginden ybaratdyr.
Wahidullah Taj Purdue uniwersitetinde maşyn inženerçiligi boýunça doktorantura okuwyny üstünlikli tamamlap, häzirki wagtda bolsa dünýäniň öňdebaryjy ylmy merkezleriniň biri bolan Stanford uniwersitetinde alymlyk derejesi hökmünde ylmy işini dowam etdirýär.
Ol başlangyç biliminiň ilkinji 3 ýylyny Türkmenistanda aldy we daşary ýurtlardaky üstünliklerine garamazdan türkmen köklerine we medeniýetine ygrarlydygyny görkezýär. Geçen ýyl “Atavatan Türkmenistan” žurnalynyň hem gatnaşmagynda San-Fransiskoda geçirilen türk festiwalynagatnaşyp, şol ýerde gurnalan Türkmenistan stendini hem baryp görüpdi.
Stanfordly türkmen alymynyň bu üstünlikli ädimi diňe bir onuň şahsy abraýyny däl, eýsem tutuş türkmen jemgyýeti üçin hem buýsançly waka boldy. Şu mynasybetli oňa “Schmidt Science Fellows” guramasy tarapyndan möhüm mümkinçilikler we halkara derejesindäki hyzmatdaşlyk şertleri dörediler.
“Schmidt Science Fellows” maksatnamasy dünýäniň dürli künjeklerinden iň gowy ýaş alymlary saýlap, olaryň jemgyýet üçin möhüm çözgütler hödürlemegine goldaw berýär. Bu maksatnama “Google”-iň esaslandyryjysy Erik Schmidt bilen Wendy Schmidt-iň baştutanlygynda durmuşa geçirilýär.
Wahidullah Tajyň üstünlikli ylmy karýerasy ýaş türkmen alymlaryna-da dünýä derejesindäki maksatlardan daşda däldigini görkezýär. Ol goňşy Owganystanda doglan türkmendir.

Ýene-de okaň

ABŞ-nyň Kent döwlet uniwersitetiniň wekiliýetiniň Aşgabada sapary

Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň 14-si «THE Impact Rankings-2025» dünýä reýtinginiň sanawynda orun aldy

Türkmen döwlet uniwersiteti ýokary okuw mekdepleriniň bütindünýä reýtingine goşuldy

Ýapon gaznasy Halkara nebit we gaz uniwersitetine kitap sowgat etdi

Türkmen okuwçylary XCEL olimpiadasyndan baýrakly dolandylar

Ata Watan Eserleri

Ýaponiýanyň ilçisi Türkmenistanyň ýokary okuw mekdeplerine täze kitaplary gowşurdy