DÜNÝÄ

Stambullylar üçin hoş habar: gije gämi gatnawlary başlaýar

Dünýäniň iň köp ilatly şäherleriniň biri hasaplanýan Stambulda şäheriň Aziýa tarapyndan Ýewropa tarapyna geçmek üçin gämi gatnawlary iň amatly ulag serişdesi bolup hyzmat edýär. Mundan beýläk bu gämili gatnaw hyzmatlarynyň geriminiň giňeldilmegi maksady bilen anna we şenbe günleri gijelerine hem gatnawyň amala aşyrylmagy göz öňünde tutuldy. Bu barada Stambul şäheriniň häkimi Ekrem Ymamogly habar berdi.

Häkim özüniň “Twitter” jemgyýetçilik torundan beren beýanatynda Kadyköý, Karaköý, Beşiktaş we Üsküdar etrapçalaryndan gijelerine hem gämi gatnawlary ýola goýuljakdygyny mälim etdi. Bu gatnawlaryň 28-nji fewralda başlanjakdygy hem bellenilip geçildi.

Stambulda anna we şenbe günleri we resmi baýramçylyklarda gijelerine metro gatnawlarynyň hem amala aşyrylmagy 2019-njy ýylyň 30-njy awgustynda ýola goýlupdy.

Related posts

ŞHG-niň sammitiniň birinji güni: möhüm wakalar

Ata Watan Eserleri

Kamçatkada 8.7 bal güýjünde ýer titredi

Hökümetara türkmen-saud toparynyň mejlisi geçiriler