DÜNÝÄ

Türkmenistan Ženewadaky Durnukly ösüş boýunça sebitleýin Foruma gatnaşdy

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekili Şweýsariýa Konfederasiýasynyň Ženewa şäherinde geçirilen Birleşen Milletler Guramasynyň Ýewropa Ykdysady Komissiýasynyň Durnukly ösüş boýunça sebitleýin Forumynyň 9-njy mejlisine gatnaşdy.

Forumyň esasy maksady Durnukly ösüş üçin 2030-njy ýyla çenli Gün Tertibiniň ýerine ýetirilişiniň sebitleýin öňegidişligine baha bermekden, Durnukly Ösüş Maksatlaryny durmuşa geçirmekde döreýän kynçylyklary aradan aýyrmakdan, hökümetleriň, bilermenleriň, raýat jemgyýetiniň, işewürleriň we beýleki gatnaşyjylaryň arasynda özara okuwlary we tejribeleri paýlaşmakdan hem-de üstünlikli hyzmatdaşlyk başlangyçlary öňe sürmekden, durnukly ösüş üçin täzeçillik ugurlary saýlap almakdan ybaratdyr.

«Durnukly Ösüş Maksatlar 8 – mynasyp iş we ykdysady ösüş» atly okuw maslahatynyň dowamynda Türkmenistanyň Mejlisiniň wekili öz çykyşynda Türkmenistanyň başlangyjy bilen, Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilen 2025-nji ýylda Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň ykdysady ösüş ugry, global ykdysady gatnaşyklar, parahatçylyksöýüjilik we özara bähbitli hoşniýetli gatnaşyklar, ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ähli taraplaýyn ösdürilmegi, maýa goýum syýasaty, eksporta gönükdirilen önümçiligiň gerimini giňeltmek, ýurtda azyk howpsuzlygyny üpjün etmek, täze iş orunlaryny döretmek we ilata durmuş goldawyny bermek boýunça alnyp barylýan işleriň ähmiýetini belledi.

Ýene-de okaň

Özbegistan Merkezi Aziýanyň bitewi syýahatçylyk halkasyny döretmegi teklip etdi

Türkmenistanyň ilçisi ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň kömekçisi bilen duşuşdy

Türkmenistanyň ilçisi Rifat Hisarjyklyoglu bilen duşuşdy

TÜRKSOÝ-yň Baş sekretary Döwlet kitaphanasynda myhmançylykda boldy

Türkmenistan bilen Pakistan uçar gatnawlaryny ýola goýmagy maslahatlaşdy

Türkmenistanyň daşary işler ministri TÜRKSOÝ-nyň Baş sekretary bilen duşuşdy