DÜNÝÄ

Si Szinpin döwlet sapary bilen Gazagystana barýar

Şu ýylyň 2-4-nji iýuly aralygynda Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin Gazagystanda döwlet saparynda bolar.

Ol bu saparynyň çäklerinde Astana şäherinde geçiriljek Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň döwlet Baştutanlarynyň 24-nji mejlisine gatnaşar.

Gazagystanyň daşary syýasat edarasynyň ozal habar berşine görä, 4-nji iýulda ŞHG-niň döwlet Baştutanlarynyň sammit geçiriler. Oňa Russiýadan, Azerbaýjandan, Belarusdan, Hindistandan, Eýrandan, Katardan, Gyrgyzystandan, hytaýdan, Mongoliýadan, BAE-den, Pakistandan, Täjigistandan, Türkmenistandan, Türkiýeden we Özbegistandan ýokary derejeli wekiliýetler gatnaşar.

Şeýle hem bu sammite BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterriş hem gatnaşar.

Related posts

ABŞ-nyň we Merkezi Aziýanyň daşary işler ministrleri duşuşar

Dünýäniň iň ýaşuly adamy aradan çykdy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň daşary işler ministri Russiýada saparda bolar