BIZNES

Stambulda her aý bir metro: täze airporta metro açylyar

Türkiýe Respublikasynyň ulag we infrastruktura ministri Adil Karaismailoglu her aý Stambul şäherinde täze metro ugurlarynyň açyljakdygyny mälim etdi.

Ol Stambul şäherinde geçirilen dabarada eden çykyşynda sentýabr aýynda Sabiha Gökçen howa menzili we E-5 arasyndaky kiçi etraplaryny biri-birine birleşdirýän metro ugrunyň açyljakdygyny belledi.

Ministriň bellemegine görä, Stambulyň howa menzili bilen, Kemerburgaz, Göktürk, Kagythane, Beşiktaş, Gaýrettepe ýaly ugurlara uzap gidýän metro ugrunyň bolsa, noýabr aýynda ulanmaga bermek göz öňünde tutulýar.

 

Related posts

Lebap eyaletınde 17 Projenin ihale ilanı

vepa

Türkmen işewürlere täze mümkinçilik: Daşary ýurt maýadarlar bilen hyzmatdaşlyk

Bütındünýä Söwda Guramasy: Türkmenistana synçy derejesi