BIZNES

Türkiýe-Türkmenistan Işewürler geňeşiniň onlaýn mejlisi

Türkmenistan bilen Türkiýäniň arasyndaky söwda-ykdysady gatnaşyklaryň ösdürilmegine uly goşant goşýan Türkiýe-Türkmenistan Işewürler geňeşiniň onlaýn mejlisi geçirildi.  Bu sanly aragatnaşyk ulgamyndan geçirilen duşuşyga, Türkiýäniň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi  Togan Oral hem gatnaşdy.

Duşuşykda Türkmenistandaky umumy söwda we ykdysady ýagdaý, şeýle hem Işewürler geňeşiniň geljek döwür üçin meýilleşdirýän işleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

DEIK / Türkiýe-Türkmenistan Işewürler geňeşi, türk kompaniýalarynyň, gurluşyk, dokma, azyk, oba hojalygy ýaly ugurlarda uly mümkinçilige eýe bolan Türkmenistanda ileri tutulýan ugur hökmünde türkmen tarapy bilen gatnaşyklaryň ösdürilmegi, Türkiýäniň orta ýe kiçi telekeçilik babatda gazanan üstünlikleriň we tejribesiniň Türkmenistan bilen paýlaşmagy ýaly ugurlarda iş alyp barýar.

Türkiýe-Türkmenistan Işewürler geňeşi türk tarapyna “Halil Avcı Şirketler Grubu” kompaniýasynyň dolandyryjylar geňeşiniň başlygy Halil Awçi başlyklyk edýär.

Related posts

Türkmenistanyň hem-de Eýran Yslam Respublikasynyň serhet wekilleriniň ikinji duşuşygy

Täze himiýa önümçilik toplumlary gurlar

Ata Watan Eserleri

Arbitraž kazyýeti we halkara hususy hukugyň kadalary