SIZDEN GELENLER

Sport-bagtyýarlygyň gözbaşy

Ýaş nesliň, jemgyýetiň, tutuş halkyň beden we ruhy taýdan sagdyn bolmagyny gazanmak — hormatly Prezidentimiziň ileri tutýan ugurlarynyň biri. Şu nukdaýnazardan, ýaşlaryň sagdyn bedenli bolmagy we olary sportuň dürli ugurlary boýunça höweslendirilmegi ugrunda ýurdumyzyň sport ulgamyny ösdürmäge aýratyn ähmiýet berilýär.

Häzirki döwürde ýurdumyzda Halkara Olimpiýa komiteti we dürli sport federasiýalary bilen ýygjam hyzmatdaşlykda sportuň köp görnüşleri, şol sanda awtomobil sporty, hokkeý, figuralaýyn typmak ýaly görnüşleri işjeň ösdürilýär. Aşgabatda ähli amatlyklary özünde jemleýän Olimpiýa şäherçesi hereket edýär. Bu ýerde 2017-nji ýylyň sentýabr aýynda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary, 2018-nji ýylyň noýabrynda bolsa Agyr atletika boýunça dünýä çempionaty üstünlikli geçirildi.

Sport häzirki döwürde jemgyýetimiziň durmuşynyň möhüm bölegine öwrüldi. Türkmen türgenleri bütin dünýä sport hereketine işjeň gatnaşýarlar. Olaryň dürli derejede guralýan ýaryşlarda gazanýan üstünlikleri, medallary hormatly Prezidentimiziň sporty hem-de onuň düzümlerini ösdürmäge berýän ünsüniň we zehinlileri ýüze çykarmak, türgenleriň ussatlygyny ýokarlandyrmak üçin döredilýän şertleriň aýdyň netijesidir.

Ýurduň ähli welaýatlarynda köpugurly stadionlar, bedenterbiýe we sagaldyş toplumlary, aýlawlar, sport mekdepleri we beýleki desgalar bina edildi we ulanmaga berildi. Türgenlerdir hünärmenleri, tälimçileri taýýarlamagyň täze usullary we sport oýunlaryny geçirmegiň tejribesi kämilleşdirildi. Türkmen sport ussatlary daşary ýurtlarda geçirilýän ýaryşlara işjeň gatnaşýarlar.

Häzirki döwürde milli Liderimiziň yzygiderli üns bermegi netijesinde, Türkmenistanda sport bilen meşgullanýanlaryň sany has-da artdy we onuň jemgyýetdäki ähmiýeti we wajyplygy ýokarlandy. Türkmenistanda sporty ösdürmegiň we jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgelerini berkitmegiň strategiýasynyň baş maksady ýurdumyzda sport hem-de bedenterbiýe bilen meşgullanýan adamlaryň, aýratyn-da, çagalaryň, ýetginjekleriň we gyzlaryň sanyny artdyrmakdan ybaratdyr.

Milli Liderimiziň tagallasy netijesinde, ýurdumyzda bedenterbiýäni we sporty ösdürmek durmuş syýasatynyň möhüm bölegine öwrüldi. Raýatlaryň saglygy, sagdynlygy üçin ýola goýlan şeýle tagallalar, hasyl edilen işler, döredilýän mümkinçilikler sanardan kän. Bularyň ählisi Gahryman Arkadagymyzyň türkmen halkynyň sagdynlygy we bagtyýarlygy üçin ýaýbaňlandyran beýik taglymatynyň miweleridir.

Şeýle hem Türkmenistan döwletimiz sport diplomatiýasyny hem işjeň ösdürýär. Ýurdumyzda bedenterbiýäniň we sportuň kämilleşmegi, adamyň kuwwatynyň maddy we ruhy taýdan sazlaşykly utgaşmagy netijesinde sagdyn durmuş ýörelgelerine eýe bolmagy, şeýle-de sport boýunça halkara hyzmatdaşlygyň has-da giňelmegi döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri boldy.

Türkmenistan halkara sport hyzmatdaşlygy düşünjesine ýokary ynsanperwer manyny berýär we ony gönüden-göni BMG-niň 2030-njy ýyla çenli Durnukly Ösüş Maksatlarynyň kabul edilmegi bilen baglanyşdyrýar. Türkmenistanda sportda netijeli halkara hyzmatdaşlygy alyp barmagyň düýp esaslary goýuldy. Sport boýunça hyzmatdaşlyk meselesi döwlet Baştutanymyzyň saparlarynyň dowamynda kabul edilýän jarnamalarda we beýannamalarda, şeýle hem ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça hökümetara bilelikdäki toparlaryň jemleýji resminamalarynda öz mynasyp ornuny tapýar.

Selbiniýaz Goçmyradowa,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň

Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby. 

Ýene-de okaň

Türkmen–rus gatnaşyklarynda daşary ýurt dilleriniň ähmiýeti

“Hakyda göwheri” – milli mirasymyzyň şöhratly ýoly

“Magtymguly–dünýäniň akyldary”

Saglyga sarpa – durmuşa sarpa

Saglyk – bagtyýar ýaşaýşyň gözbaşy

2025-nji ýyl – Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly

Ata Watan Eserleri