BILIM

“Soňky jaň” dabaralary geçirildi

Şu gün — 25-nji maýda ýurdumyzyň umumybilim berýän orta mekdepleriniň uçurymlary üçin soňky jaň kakyldy. Watanymyzyň ähli künjeklerinde belent maksatlara ýetmäge ruhlanan ýaş oglan-gyzlaryň ençemesiniň durmuşyndaky ýatdan çykmajak waka — okuw ýylynyň tamamlanmagyna bagyşlanan baýramçylyk çäreleri geçirildi. Bu barada “Nesil” gazeti habar berýär.

Däp bolşy ýaly, ir bilen mekdepleriň göreldeli uçurymlary, bilim ulgamynyň işgärleri Watanymyzyň iň täze taryhynyň nyşany bolan Garaşsyzlyk binasyna hem-de Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň Yzgant şäherçesindäki 27-nji orta mekdepde oturdylan Berdimuhamet Annaýewiň ýadygärligine ajaýyp gül desselerini goýdular.

Ýurdumyz berkarar, gadamymyz batly — Arkadag Serdarly ýaşlarymyz bagtly!» atly şygar astynda ýaýbaňlandyrylan baýramçylyk dabaralary ýakymly duýgulara beslendi. Döwlet Baştutanymyzyň iberen Gutlagynyň okalmagy orta mekdepleriň uçurymlary üçin durmuş ýoluna ak pata boldy.

Uçurymlar mekdep bilen, mugallymlary bilen hoşlaşdylar, mugallymlara hem-de ata-enelere hoşallyk bildirdiler, täze okuw ýylynda mekdebiň bosagasyndan ilkinji gezek ätlemäge taýýarlanýan körpelere bilimler dünýäsine gadam urmagyň özboluşly nyşanyny — «Altyn açary» gowşurdylar. Ak arzuwlaryň nyşanyna öwrülen ak kepderiler al-asmanda ençeme öwrüm etdiler.

Şu ýyl Aşgabat boýunça 2022-2023-nji okuw ýylynda 9 müň 876 sany uçurym umumybilim edaralaryny tamamlaýar. Ýaşlaryň Ahal welaýaty boýunça 10 müň 271-si, Balkan welaýaty boýunça 7 müň 132-si, Daşoguz welaýaty boýunça 17 müň 342-si, Lebap welaýaty boýunça 19 müň 295-si, Mary welaýaty boýunça 17 müň 966-sy orta mekdepleriň uçurymlary bolar.

 

Ýene-de okaň

“Makul Sözlük” New York Public Library katalogyna girizildi

Dr.Döwran Orazgylyjov

Türkmenistanda birinji synp okuwçylary üçin mugt onlaýn rus dili kursy açyldy

Ata Watan Eserleri

Türkmen we iňlis uniwersitetleriniň wekilleriniň duşuşygy

Türkmenistanda aprel aýynda halkara ylmy-amaly maslahatlar we olimpiadalar geçiriler

Türkmen ýokary okuw mekdepleri “Lomonosow-2026” forumynyň halkara meýdançasy bolar

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň wekiliýetiniň London şäherine iş sapary