JEMGYÝET

Siriýa bilen Palestina 1/8 finala çykdy

Katarda 18-nji gezek geçirilýän Aziýanyň Kubogy ýaryşynda “B” we “Ç” toparçalardaky ýaryşlar tamamlandy. Şeýlelikde, bu toparçalarda 3-nji orny eýelän Siriýa bilen Palestina iň gowy 3-nji orun hökmünde indiki tapgyra çykmak mümkinçiligine eýe boldy.

Şeýlelikde, häzirki wagtda 8 ýurduň milli ýygyndysy 1/8 finala çykdy. Olar – ýer eýeleri Katar, Täjigistan, Awstraliýa, Özbegistan, Siriýa, Eýran, BAE we Palestina.

Şu gün, ýagny 24-nji ýanwarda Yrak Wýetnam bilen, Ýaponiýa Indoneziýa bilen duşuşar. Yrak indiki tapgyra çykan hem bolsa, Aziýanyň iň güýçli ýygyndylaryndan Ýaponiýanyň indiki tapgyra çykmak üçin Indoneziýany ýeňmegi gerek.

Mälim bolşy ýaly, Aziýanyň iň güýçli milli ýygyndysyny mälim etjek Aziýanyň Kubogy ýaryşy 12-nji ýanwarda başlady we 10-njy fewralda tamamlanar. Ýer eýeleri Katara 2019-njy ýylda Aziýanyň kubogyny gazanypdy.

Aziýanyň Kubogyny iň gazanan milli ýygyndy Ýaponýanyň ýygyndysydyr. Ýaponiýa bu arzyly kubogy 4 gezek gazandy.

Ýene-de okaň

Türkmen döwlet maliýe institutyna täze rektor bellendi

Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutyna täze rektor bellendi

Türkmenistanyň Prezidenti Braziliýanyň Baştutanyny diplomatik gatnaşyklaryň 30 ýyllygy bilen gutlady

Türkmenistanyň başlangyjy bilen “Merkezi Aziýa+ASEAN” formatyny dörediler

Atagulyýew: Türkmenistan ulag geçelgeleriniň ösüşine aýratyn ähmiýet berýär

İlham Aliýew TDG-niň hökümet baştutanlary bilen duşuşdy