DÜNÝÄ

Si Szinpin: türkmen-hytaý hyzmatdaşlygy iň gowy döwrüni başdan geçirýär

Hytaýyň Kommunistik partiýasynyň Merkezi komitetiniň Baş sekretary,
Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin Türkmenistanyň Prezidentine hat iberdi. Şol hatda Hytaýyň Başlygy Si Szinpin öz hatynda hytaý-türkmen strategik hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň ösüşi öz taryhynda iň gowy döwri başdan geçirýändigini, şeýle hem ýurtlaryň koronawirus ýokanjy zerarly ýüze çykan kynçylyklary bile ýeňip geçendiklerini hem-de birek-birege goldaw berendiklerini belläp geçýär.

HHR-iň Başlygynyň hatyna hususan-da şeýle diýilýär:

Size Hytaýyň Kommunistik partiýasynyň döredilmeginiň 100 ýyllygy mynasybetli iberen gutlagyňyz üçin tüýs ýürekden hoşallygymy beýan edýärin.

Bu gün hytaý-türkmen strategik hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň ösüşi öz taryhynda iň gowy döwri başdan geçirýär. Biziň ýurtlarymyz koronawirus ýokanjy zerarly ýüze çykan kynçylyklary bile ýeňip geçdiler hem-de birek-birege goldaw berdiler.

“Bir guşak, bir ýol” başlangyjyny bilelikde durmuşa geçirmek boýunça hyzmatdaşlyk depginli ösdürildi. Dünýädäki çylşyrymly ýagdaýa garamazdan, ýokary netijeler gazanyldy, bu bolsa iki ýurduň halklarynyň abadançylygyny üpjün edýär. Soňky ýyllarda HKP Türkmenistanyň syýasy partiýalary bilen dürli görnüşde ýakyn gatnaşyklary saklaýar.

Hytaýyň we Türkmenistanyň partiýalarynyň biziň gazanan möhüm ylalaşyklarymyzy işjeň durmuşa geçirmekde bilelikdäki tagallalary dowam etdirjekdiklerine, ikitaraplaýyn gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge parasatlylyk bilen ýardam berjekdiklerine umyt edýärin.

 

10-njy awgustdaky howa maglumaty

 

Ýene-de okaň

ÝB-Türkmenistan: birinji işewürler forumy geçiriler

Metbugat duşuşygy: «Aşgabat – Tbilisi: pikirleriň we täze mümkinçilikleriň arasyndaky janly köpri»

Türkmenistanyň Ýewropa Bileleşigi bilen hyzmatdaşlygy boýunça brifing geçirildi

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň ykjam goşundysy işe girizildi

Baş Sekretar Türkmenistanyň hemişelik wekiliniň ynanç hatyny kabul etdi

TÜRKSOÝ-yň binasynda türkmen kinosynyň 100 ýyllygy bellendi