DÜNÝÄ

Seulda Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlaryna bagyşlanan Brifing

Türkmenistanyň Koreýa Respublikasyndaky Ilçihanasynyň binasynda Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlaryna bagyşlanan brifing geçirildi.

2022-nji ýylyň 6-njy martynda geçirilen çärä Türkmenistanyň Koreýa Respublikasyndaky Ilçihanasynyň diplomatlary, şeýle hem bu ýurtda okaýan türkmen talyplary we türkmenistanly raýatlar gatnaşdylar.

Brifingiň dowamynda diplomatlar öz çykyşlarynda möhüm syýasy waka – Türkmenistanyň ählihalk Prezident saýlawlarynyň açyk we demokratik ýagdaýda, halkara-hukuk we milli kanunçylygyň talaplaryna doly laýyklykda 12-nji martda geçiriljek saýlawlar barada giňişleýin gürrüň berdiler.

Türkmenistanyň iň ýokary döwlet wezipesine dalaşgärleriň dokuzy hasaba alyndy. Saýlaw kodeksine laýyklykda, dalaşgärler wagyz işlerini geçirmek üçin özlerine berlen deň mümkinçiliklerden we hukuklardan peýdalanarlar.

Mälim bolşy ýaly, ýurduň çäginde we daşary ýurtlarda ýerleşýän diplomatik wekilhanalarynda bu iri çärelere düýpli taýýarlyk işleri alnyp barylýar. Bu bolsa, halkyň öz saýlan wekillerine ses bermegi üçin ähli mümkinçilikler döreder.

Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlarynda ses bermegi geçirmek üçin saýlaw uçastoklarynyň jemi sany 2618-e deň bolup, olaryň 41-si daşary ýurtlarda ýerleşýändir.

 

Saýlaw-2022: Türkiýede ses bermek mümkinçiligi

Ýene-de okaň

Raşid Meredow Bahtiýor Saidow bilen duşuşdy

Ata Watan Eserleri

Antalýada Türkmenistanyň we Ukrainanyň ministrleriniň duşuşygy boldy

Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň ministrleri Antalýada duşuşdy

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekili Parlamentara Bileleşigiň 152-nji Assambleýasynyň çäginde geçirilen Ýaşlar forumyna gatnaşdy

Türkmenistan GDA-nyň daşary işler ministrleriniň duşuşygyna gatnaşdy

SOCAR-yň ýolbaşçysy Röwşen Najaf Türkmenistanda saparda boldy