JEMGYÝET

“Senagat töleg” ykjam programma bilen meýletin haýyr-sahawat serişdelerini tölemek mümkinçiligi

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň möhüm meselelerine garaldy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradow ykdysadyýetiň pudaklaryna sanly tehnologiýalary giňden ornaşdyrmak, şol sanda haýyr-sahawat etmek maksady bilen, menzilara töleg etmek hyzmatlaryny işe girizmek babatda görülýän çäreler barada hasabat berdi.

Wise-premýeriň belleýşi ýaly, häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda döwletimiz tarapyndan ýaş nesilleriň hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösmegi üçin ähli şertler döredilýär. Şonuň netijesinde, bagtyýar, zähmetsöýer, Watana wepaly nesil kemala gelýär. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy esasynda döredilen Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň goldamagynda howandarlyga mätäç çagalara ýurdumyzyň lukmançylyk edaralarynda dürli operasiýalary geçirmek, çagalar öýlerinde, ýöriteleşdirilen mekdeplerde, mekdep-internatlarda terbiýelenýän çagalaryň bejergileri, lukmançylyk maksatly serişdeleri satyn almak üçin pul serişdeleri yzygiderli bölünip berilýär.

Gaznanyň goldaw bermeginde birnäçe döwletlere ynsanperwerlik kömekleri berildi. Şunuň bilen baglylykda, gaznanyň adyna daşary ýurtlardan, şeýle hem BMG-niň Çagalar gaznasynyň Türkmenistandaky wekilhanasyndan hoşallyk hatlary gelip gowuşdy. Şol hatlarda döwletleriň we halklaryň arasynda dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmakda bu düzümiň ähmiýetli orny nygtalýar. Şunuň bilen baglylykda, “Senagat” paýdarlar täjirçilik banky tarapyndan işlenip taýýarlanan “Senagat töleg” ykjam programma üpjünçiliginde ýurdumyzyň raýatlaryna haýyr-sahawat serişdelerini geçirmek üçin nagt däl görnüşinde töleg etmek hyzmatyny girizmek baradaky teklip barada habar berildi.

Ýene-de okaň

Türkmen döwlet maliýe institutyna täze rektor bellendi

Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutyna täze rektor bellendi

Türkmenistanyň Prezidenti Braziliýanyň Baştutanyny diplomatik gatnaşyklaryň 30 ýyllygy bilen gutlady

Türkmenistanyň başlangyjy bilen “Merkezi Aziýa+ASEAN” formatyny dörediler

Atagulyýew: Türkmenistan ulag geçelgeleriniň ösüşine aýratyn ähmiýet berýär

İlham Aliýew TDG-niň hökümet baştutanlary bilen duşuşdy