JEMGYÝET

Seljuk döwletiniň zamanasynyň tapyndysy

Ahal welaýatynyň Kaka etrabynyň merkezinde ýerleşýän «Abiwerd» taryhy-medeni döwlet goraghanasynyň muzeý gaznasyna baryp, bu ylmy edaranyň hünärmenleri tarapyndan aýawly saklanylýan, içgin öwrenilýän we rejeleýji ussalar tarapyndan ozalky kaddyna, asyl nusgadaky şekiline getirilýän taryhy tapyndylary synlamak bizde örän ýakymly täsir galdyrýar. Biz, bilim işgärleri — terbiýeçiler, mugallymlar, şeýle hem medeniýet ulgamynda işleýän hünärmenler bolup, ýakynda bu ýerde duşuşyk geçirenimizde, goraghananyň hünärmenleri bizi täze tapyndylar bilen tanyşdyryp, olar hakynda gyzykly gürrüň berdiler. Bu barada Kaka etrabyndaky 3-nji «Körpe» çagalar bagynyň terbiýeçisi Güljahan Öwezowanyň  “Türkmenistan” gazetindäki çap edilen makalasynda bellenilip geçilýär.

Duşuşykda biziň üçin has täsirli bolup görnen zatlaryň biri-de, ýüzüne çyzyklar çyzylan, adaty inedördül kerpiç boldy. Etrap merkezinden 7 kilometr demirgazyk-günbatarda ýerleşýän orta asyr Abiwerd-Peşdag ýadygärliginde ylmy-barlag işleri geçirilende tapylan bu kerpiç, aslynda, gadymdan gelýän düzzüm oýnunyň tagtasynyň hyzmatyny ýerine ýetiripdir. Hünärmenleriň aýtmagyna görä, kerpijiň ölçegleriniň 22x22x4 bolmagy onuň ýasalan döwrüni kesgitlemäge mümkinçilik berýär. Ylmy dolanyşykdaky bar bolan maglumatlara laýyklykda, şeýle ölçegdäki kerpiçler XI-XII asyrlarda türkmen topragynda ykdysady-syýasy taýdan gülläp ösen Türkmen Seljuk döwletiniň zamanasynyň önümi hökmünde häsiýetlendirilýär. Ýuka hem ýeňil bolany üçin şeýle kerpiçleri şol döwürde köp öndüripdirler.

Mälim bolşy ýaly, Türkmen Seljuk döwletiniň paýtagty gadymy Merwde şu günki güne çenli bu döwre degişli ymaratlaryň käbir nusgalary saklanyp galypdyr. Soltan Sanjaryň kümmeti, Soltangaladaky köşgüň galyndylary we beýleki desgalardaky gurluşyklarda ulanylan kerpiçleriň ölçegleriniň hut şu kysymda bolmagy Abiwerdiň hem şol zamanada bu döwletiň düzümindäki köp gurluşyklar alnyp barlan belli şäherleriň biri bolandygyna şaýatlyk edýär. Tapyndydaky keseligine we atanaklaýyn çyzyklaryň düzzüm oýnunyň tertibine we kadalaryna deň gelýändigi, onuň şu günlerde oýnalýan düzzüm oýnundaky kadalardan onçakly daşda däldigi örän täsindir. Diýmek, gadymy döwürde-de ussalar dynç alyş mahaly küşt, düzzüm we beýleki oýunlary oýnap, özara paýhas synaglaryny, bäsleşikleri geçiripdirler.

 

Allergiýanyň öňüni nädip almaly?

 

 

Ýene-de okaň

Murat Boz Türkmenistanda konsert berer

Arsen Şahuns, Murat Boz, Gülşen Baýraktar we beýleki aýdymçylar Aşgabatda konsert bererler

Ýapon kompaniýalary Türkmenistanda täze karbamid zawodyny gurar

Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Owganystanda saparda boldy

Türkmenistanyň Prezidenti Gazagystan Respublikasynyň Prezidentini gutlady

Türkmenistanyň Prezidenti Özbegistan Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi