DÜNÝÄ

Trampyň kiçijik keşpiniň sebäbi

Çagalygymyzyň hem-de çagalarymyzyň söýgüli filmine öwrülen «Ýeke özi öýde» filminiň ikinji bölüminde, mälim bolşy ýaly, ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampyň gysgajyk keşbi bar. Ol baş gahryman Kewine myhmanhananyň kabul ediş bölümini salgy berýär.

Filmiň režissýory Kris Kolambus «Insider» neşirine beren interwýusynda şol wagtlar işewürlik bilen meşgullanýan Donald Trampyň filmde näme üçin surata düşendigi barada aýdyp berdi.

Onuň aýtmagyna görä, filmiň bir sahnasyny şol wagt Donald Trampa degişli bolan «Plaza» myhmanhanasynda düşürmek gerek bolupdyr. Muňa razy bolan Tramp tölegden daşary kiçijik hem bolsa bir sahnada keşp ýerine ýetirmegi hem isleýändigini aýdypdyr.

Kolambusyň aýtmagyna görä, sahna şol wagt Trampyň göwni üçin surata düşürilen hem bolsa, tomaçylaryň uly gyzyklanmasynyň bolandygy sebäpli, kebşirleýiş işlerinde aýryp taşlanmandyr. Şeýlelikde, bu sahna filmiň ýatdan çykmajak pursatlarynyň birine öwrülip galypdyr.

 

Foto Habarlar Sahypamyz

Ýurdumyzyň gözel künjegine degişli fotosuratlary bu sahypadan tapyp bilersiňiz!

Ýene-de okaň

Anar Guliýew: Fizulide gurulýan metjit Türkmenistan bilen doganlygyň nyşanydyr

Türkmenistan bilen Polşa migrasiýa ulgamynda hyzmatdaşlygyny berkidýär

Azerbaýjan bilen Türkmenistan hyzmatdaşlygyň ösdürilmegini ara alyp maslahatlaşdylar

Raşad Nabiýew: ‘Dostluk’ tankeri Azerbaýjanyň we Türkmenistanyň hyzmatdaşlygyny berkider

Türkmen ilçisi Gruziýanyň Içeri işler ministri bilen duşuşdy

Türkmenistan Bakudaky adam hukuklary boýunça ygtyýarly wekilleriň halkara forumyna gatnaşdy