Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň 2023-nji ýylyň 12-nji ýanwarynda çykaran karary esasynda, Türkmenistanyň Mejlisiniň ýedinji çagyrylyşynyň deputatlarynyň, welaýat, etrap we şäher halk maslahatlarynyň bäşinji çagyrylyşynyň agzalarynyň şeýle hem, Geňeşleriň dokuzynjy çagyrylyşynyň agzalarynyň saýlawlaryny 2023-nji ýylyň 26-njy martynda, ýekşenbe güni geçirmek bellenildi.
Bu saýlawlara guramaçylykly taýýarlyk görmek maksady bilen, 2023-nji ýylyň 16-njy ýanwarynda Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň mejlisi geçirildi. Bu barada Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň resmi saýtynda bellenilip geçilýär.
Mejlise Merkezi saýlaw toparlarynyň agzalary we edarasynyň hünärmenleri, Merkezi saýlaw toparynyň ýanynda döredilen iş toparlarynyň agzalary, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň, Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň merkezi edaralarynyň milli synçylar boýunça jogapkär wekilleri hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.
Mejlisiň gün tertibine laýyklykda, öňde boljak saýlawlary guramaçylykly geçirmek bilen baglanyşykly birnäçe meselelere garaldy.
Has takygy, saýlawlara taýýarlyk görmek we ony guramaçylykly geçirmek boýunça çäreleriň meýilnamasy tassyklanyldy. Şeýle hem, saýlawlar boýunça saýlaw möwsüminiň başlanýandygy yglan edildi.
Merkezi saýlaw toparynyň mejlisiniň dowamynda saýlawlar boýunça taýýarlanylan gollanmalar, ýatlamalar we düzgünnamalar hem tassyklanyldy.
Şeýle-de, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň saýlawlary boýunça saýlaw okruglarynyň 125-sini döretmek barada karar kabul edildi.
Mundan başga-da, saýlaw möwsüminiň guramaçylykly geçirilmegini üpjün etmek boýunça öňde durýan wezipeler barada welaýatlaryň, Aşgabat şäheriniň saýlaw toparlarynyň başlyklarynyň habarlary diňlenildi.
