DÜNÝÄ

Şawkat Mirziýoýew: Merkezi Aziýa-ÝB söwda dolanyşygy 54 milliard ýewro

Özbegistanyň Samarkant şäherinde geçiriljek “Merkezi Aziýa-Ýewropa Bileleşigi” birinji sammitiniň öňüsyrasynda Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew “Euronews” habarlar gullugynyň habarçylar bilen söhbetdeş boldy.

Ol bu söhbetdeşligiň barşynda Merkezi Aziýa bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda hyzmatdaşlyk gatnaşyklary barada durup geçdi.

– Biz yzygiderli ýewropaly kärdeşlerimiz bilen gepleşikler geçirýäris. Dünýäniň öňdebaryjy döwletleriniň liderleriniň Merkezi Aziýa sapary ýygjamlaşdy. Häzirki döwürde Ýewropa Bileleşigi Merkezi Aziýa döwletleri bilen söwda we maýa goýum gatnaşyklaryny ösdürýär. Soňky 7 ýylda ÝB-niň Merkezi Aziýa bilen söwda dolanyşygy 4 esse artyp, 54 milliard ýewro deň boldy – diýip, Şawkat Mirziýoýew belledi.

Özbek Lideri “Merkezi Aziýa-Ýewropa Bileleşigi” hyzmatdaşlyk görnüşiniň ajaýyp meýdança bolup, giň gerime eýedidigini belledi. Ýewropa Bileleşigi 27 döwleti, şol sanda “Uly 7-lige” görýän 3 döwleti (Germaniýa, Fransiýa we Italiýa) öz içine alýar.

Özbegistanyň Prezidenti Merkezi Aziýanyň global ulag zynjyrlarynda möhüm baglanyşyga öwrülýändigini belläp, sebitiň ýurtlaryna esasy dünýä bazarlaryna elýeterliligini giňeltmäge mümkinçilik berýän Hazar üsti we Transowgan  ulag geçelgeleriniň işjeň ösdürýändigini belledi.

– 2024-nji ýylda Özbegistanyň ÝB-e agza ýurtlar bilen söwda dolanyşygy 6,4 milliard dollara ýetdi we geçen ýyl bilen deňeşdirilende 5,2 göterim ýokarlandy. Özbegistanda Ýewropanyň maýasy bolan 1000-den gowrak kärhana işleýär we maýa goýum taslamalarynyň umumy mukdary 30 milliard ýewro barabardyr. ÝB bilen giňeldilen hyzmatdaşlyk şertnamasyna gol çekilmegi söwda we maýa goýum gatnaşyklaryny çuňlaşdyrmak üçin täze mümkinçilikler açar diýip garaşýarys – diýip, Şawkat Mirziýoýew interwýusynda belläp geçýär.

Özbek Baştutany Merkezi Aziýanyň diňe bir durnukly energiýa üpjünçiligini üpjün etmek bilen çäklenmän, global dekarbonizasiýa hem möhüm goşant goşup biljek ygtybarly hyzmatdaş bolup biljekdigini aýtdy.

 

Ýene-de okaň

Gazagystanlylaryň 87%-den gowragy täze Konstitusiýanyň taslamasyny goldady

Ata Watan Eserleri

Kabul we Aşgabat TOPH gaz geçirijisiniň ugrundaky ýerleri satyn almak işinde ylalaşýarlar

Millionlarça yzarlaýjysy bolan influenser Ýuji Beleza Türkmenistanyň çäresine gatnaşar

Dr.Döwran Orazgylyjov

Gazagystanda täze konstitusiýa boýunça sala-salyşlyk geçirilýär

Pekinde türkmen–hytaý maýa goýum forumynyň tanyşdyrylyşy geçirildi

Russiýanyň Daşary işler ministrligi türkmen ilçisine täze wezipesinde üstünlik arzuw etdi