JEMGYÝET

Saragt Babaýew «Türkmenistanyň Gahrymany» diýen ada mynasyp boldy

S.BABAÝEWE «Türkmenistanyň Gahrymany» diýen ady dakmak hakynda

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiziň we merdana halkymyzyň öňünde köp ýyllaryň dowamynda bitiren aýratyn görnükli hyzmatlaryny, Gündogaryň beýik akyldary hem-de nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň ýadygärligini döredendigini, halypa-şägirtlik ýoluny mynasyp dowam etdirip, ýaş heýkeltaraşlary terbiýelemekde bitiren giň gerimli işlerini, şekillendiriş sungatynda özboluşly mekdebi kemala getirendigini, ýurdumyzyň heýkeltaraşlyk sungatyny ösdürmäge goşan uly şahsy goşandyny, şeýle hem uzak ýyllaryň dowamynda çeken yhlasly we döredijilikli zähmetini nazara alyp, karar edýärin:

Türkmenistanyň Suratkeşler birleşiginiň agzasy, erkin suratkeş Saragt Babaýewe Türkmenistanyň iň ýokary tapawutlandyryş derejesini — «Türkmenistanyň Gahrymany» diýen ady dakmaly we oňa «Altyn Aý» altyn nyşanyny gowşurmaly.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar BERDIMUHAMEDOW.
Aşgabat şäheri, 2024-nji ýylyň 24-nji sentýabry.

Related posts

Jemgyýetçilik kabul edişligi

Ata Watan Eserleri

Stambulda Alyşir Nowaýynyň diwanynyň gadymy nusgasy tapyldy

vepa

Türkmenistanyň Prezidenti milli pul birliginiň 30 ýyllygy bilen watandaşlaryny gutlady

Ata Watan Eserleri