TEHNOLOGIÝA

«Sanly çözgüt — 2021» innowasion bäsleşik geçiriler

«Türkmenaragatnaşyk» agentligi «Sanly çözgüt — 2021» atly innowasion taslamalaryň bäsleşigini yglan edýär. Bu barada “Türkmenistan” gazetinde bildiriş çap edildi.

Bäsleşik «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyna» laýyklykda, dünýä ylmynyň täze gazananlary esasynda taýýarlanan, täzeçe pikirlenmeleri öz içine alýan, ýurduň halk hojalygyna sanly ykdysadyýeti ornaşdyrmakda giň mümkinçiligi bolan programma üpjünçilikleri işläp düzýän we innowasion oýlap tapmalar bilen meşgullanýan ýaşlary ýüze çykarmak hem-de höweslendirmek maksady bilen, aşakdaky ugurlar boýunça geçirilýär:

— saglygy goraýyş;

— ylym we bilim;

— ulag-logistika;

— senagat;

— oba hojalygy;

— hyzmatlar ulgamy;

— robototehnika.

Bäsleşigiň ýeňijilerine gymmatbahaly sowgatlar bilen Diplomlar gowşurylar.

Bäsleşige gatnaşyjylary bellige almak we olaryň oýlap tapmalary baradaky teklipler telecom.tm internet saýtynda elektron görnüşde kabul ediler.

Bäsleşige gatnaşmagyň tertibi we talaplary baradaky maglumatlary telecom.tm internet saýtyndan alyp bilersiňiz.

Bäsleşige gatnaşmak üçin teklipleri bermegiň ahyrky möhleti 2021-nji ýylyň 1-nji oktýabry.

Bäsleşigiň jemleri «Türkmentel — 2021» atly halkara serginiň çäklerinde yglan ediler.

Habarlaşmak üçin telefon belgileri: 98-12-12; 98-13-13.

 

 

Ahal welaýatynyň täze döwrebap edara ediş merkezi gurulýar

 

Ýene-de okaň

NASA-dan taryhy ädim: 54 ýyldan soň Aýa ilkinji adamly uçuş başlady

Internet ulanyjylarynyň sany boýunça öňdebaryjy ýurtlar

Türkiýede 5G döwri başlady

Türkmenistanda 5G we 4G+ torlaryny ýaýbaňlandyrmak üçin bäsleşik yglan edildi

Türkmenistan-Ýaponiýa: maglumat merkezleriniň ulgamy dörediler

«Türkmenpoçta» bütindünýä poçta birleşmesiniň halkara IPS sanly ulgamyna birikdiriler