JEMGYÝET

Sankt-Peterburg türkmen talyplaryna garaşýar

Russiýa Federasiýasynyň demirgazyk paýtagty Sankt-Peterburg şäheriniň gubernatory Aleksandr Beglow Türkmenistanyň Garaşsyzlyk baýramynyň 31 ýyllyk dabaralaryna gatnaşmak üçin Aşgabada geldi.

Sankt-Peterburgyň hökümetiniň Türkmenistandan talyplaryň şäheriň ýokary okuw mekdeplerinde we kolležlerde bilim almagy üçin kwotany artdyrmagy meýilleşdirýär. Bu barada Sankt-Peterburg şäheriniň gubernatory Aleksandr Beglow Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow bilen bolan duşuşykdan soňra habarçylara berne beýanatynda belläp geçdi.

TASS habarlar gullugynyň habar bermegine görä, “Türkmenistan bilen Sankt-Peterburgyň arasyndaky birnäçe ugurdaky gatnaşyklar ara alnyp maslahatlaşyldy. Ilkinji nobatda, bilim ulgamy hem bar. Biz bilim almak isleýän türkmen talyplarynyň sanyny artdyrmak boýunça ylalaşdyk. Diňe ýokary okuw mekdepleriniň talyplygy däl, eýsem kolležler hem göz öňünde tutulýar. Bu gämigurluşyk, ýol tehnikalary, gurluşyk we beýleki birnäçe ugurlary öz içine alýar” – diýip, Beglow belledi.

Ozal hem habar berşimiz ýaly, Russiýa Federasiýasynyň demirgazyk paýtagty Sankt-Peterburg şäheriniň gubernatory Aleksandr Beglowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Türkmenistanyň Garaşsyzlyk baýramynyň 31 ýyllygy mynasybetli geçirilýän dabaralara gatnaşýarlar.

Ýene-de okaň

Türkmen döwlet maliýe institutyna täze rektor bellendi

Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutyna täze rektor bellendi

Türkmenistanyň Prezidenti Braziliýanyň Baştutanyny diplomatik gatnaşyklaryň 30 ýyllygy bilen gutlady

Türkmenistanyň başlangyjy bilen “Merkezi Aziýa+ASEAN” formatyny dörediler

Atagulyýew: Türkmenistan ulag geçelgeleriniň ösüşine aýratyn ähmiýet berýär

İlham Aliýew TDG-niň hökümet baştutanlary bilen duşuşdy