TEHNOLOGIÝA

“Samsung” ýene-de birinjiligi eýeledi

Dünýäniň telefon bazaryndaky bäsleşik esasan hem iki iri kompaniýanyň – Günorta Koreýanyň “Samsung” bilen ABŞ-nyň “Apple” kompaniýasynyň arasynda barýar. Koreý kompaniýasy 2024-nji ýylyň birinji çärýeginde smartfonlaryň satuwynda ýene-de birinjiligi eýeledi.

“International Data Corporation (IDC)” kompaniýasynyň maglumatyna görä, koreý ägirdi 2024-nji ýylyň birinji çärýeginde telefon satuwyny 7,8 göterim artdyryp, 289.4 million birlige ýetirdi. Degişli döwürde “Apple” kompaniýasynyň söwdasy 9.6 göterim azaldy.

Hytaýyň “Xiaomi” kompaniýays üçünji orny eýelän bolsa, “Transsion” brendli telefony 4-nji bolmagy başardy.

“Huawei”, “Xiaomi”, “Transsion”, “OPPO/OnePlus” we “vivo” ýaly telefon kompaniýalary hem telefon bazaryndaky ornuny has-da berkidýärler.

Ýene-de okaň

NASA-dan taryhy ädim: 54 ýyldan soň Aýa ilkinji adamly uçuş başlady

Internet ulanyjylarynyň sany boýunça öňdebaryjy ýurtlar

Türkiýede 5G döwri başlady

Türkmenistanda 5G we 4G+ torlaryny ýaýbaňlandyrmak üçin bäsleşik yglan edildi

Türkmenistan-Ýaponiýa: maglumat merkezleriniň ulgamy dörediler

«Türkmenpoçta» bütindünýä poçta birleşmesiniň halkara IPS sanly ulgamyna birikdiriler