SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

“Saglyk” sahypasy hereket edip başlady

Türkmenistan  baradaky habarlary Türkmen we Türk dillerinde, käbir habarlary bolsa Iňlis we Rus dillerinde dünýä halk köpçüligine,  şeýle hem, ykdysadyýet, medeniýet, tehnologiýa, sport we beýleki ulgamlardaky global habarlary ene dilimizde ýaýratýan “Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalynyň  www.atavatan-turkmenistan.com saýty saglyk ulgamyndaky habarlara bolan  soňky döwürdäki ýokary gyzyklanamalary hasaba alyp, saýta ýerleşdirilýän saglyk ulgamyna degişli ähli  habarlary bir ýere jemleýän “Saglyk” sahypasyny Size hödürleýär.

Siz bu sahypamyzda saglyk ulgamyna degişli habarlary we maslahatlary okap bilersiňiz. Dünýäde COVID19 pandemiýasynyň howp salýan döwründe bu baradaky habarlar köpleri gyzyklandyrýar. Şol nukdaýnazardan COVID19 pandemiýasyna degişli habarlary we maglumatlary hem www.atavatan-turkmenistan.com saýtynyň “Saglyk” sahypasyndan okap bilersiňiz. Siz saýtymyzyň “Habarlar” bölümine girmek bilen ol ýerden “Saglyk” bölümçesini saýlap, bu ulgama degişli ähli habarlary aňsatlyk bilen okap bilersiňiz!

Related posts

Koronawirus pandemiýasy haçan tamamlanýar?

Stambul-Türkmenbaşy-Stambul boýunça ýörite uçar gatnawy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistandaky resmi syýahatçylyk kärhanalarynyň sanawy