SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Gurban Baýramy : Maşgalaňyz bilen öýde geçiriň!

Türkmenistanyň esasy TW teleýaýlymlaryndan  biri bolan “Altyn Asyr” teleýaýlymynda berilýän bildirişe görä, Gurban baýramynda maşgalaň bilen öýde geçirmek maslahat berilýär. Bildiriş  Eziz watandaşlar, mälim bolşy ýaly, türkmen ilinde Gurban baýramy mukaddes baýram hasaplanylýar. Ruhy tämizligiň, arassa ahlagyň hem-de agzybirligiň ajaýyp pursatlaryny özünde jemleýän bu baýram uly ruhubelentlik bilen bellenilýär diýen sözler bilen başlanýar.

Bildirişde hususanda şeýle diýilýär, ýagny, häzirki wagtda howanyň düzümindäki ynsan saglygyna zyýan beriji tozan bölejikleriniň kadadan artmagy sebäpli agyz-burun örtükleri ullanmagy, 2 metr howpsuz araçägi saklamagy hem-de Gurban baýramynyň bellenilýän günlerinde köpçülikleýin çäreleri çäklendirip, her bir maşgalanyň bu baýramçylygy öz öýünde geçirmegini maslahat berýäris. Bildirişde şeýle hem,  Gurban baýramyny  maşgala agzalarymyzyň arasynda bellemekligiň saglygymyzy goramakda esasy şert  bolup durýandygyny unutmalyn,  çünki, maşgalamyzyň saglygy bagtyýar günlerimize badalgadyr diýilýär.

Ýene-de okaň

“Air Belgium” Aşgabat arkaly ýük awiagatnawlaryny ýola goýmaga taýýarlanýar

Aşgabatda ekologiýa we durnukly ösüşe bagyşlanan eko-festiwal geçiriler

Türkmenistanda enäniň we çaganyň saglygy boýunça 5 ýyllyk maksatnama tassyklandy

5 aýda Özbegistana 5 milliondan gowrak syýahatçy geldi

Eýran howa giňişligini doly açdy

Türkmenistanyň syýahatçylyk kärhanalary Seul halkara syýahatçylyk sergisine gatnaşdy