JEMGYÝET

Saglygy goraýyş, bilim we sport boýunça halkara sergisi geçirilýär

Şu gün ýurdumyzda Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni giňden bellenilýär. Bu hünär baýramçylygy mynasybetli paýtagtymyz Aşgabatdaky Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň sergiler merkezinde «Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe» atly halkara serginiň hem-de ylmy maslahaty geçirildi. Oňa “Ata Watan Media” topary hem gatnaşdy.

Her ýyl ýurdumyzda 10-njy oktýabrda Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni bellenilýär. Bu baýramçylyk mynasybetli köp sanly çäreler guralyp, olaryň hatarynda halkara sergi we maslahat hem bar.

«Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe» atly halkara sergisiniň açylyş dabarasyna Mejlisiň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, ýurdumyzda işleýän diplomatik wekilhanalaryň we halkara guramalaryň wekilhanalarynyň ýolbaşçylary, daşary ýurtlardan gelen lukmanlar we köp sanly myhmanlar gatnaşdy.

Serginiň açylyş dabarasynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Gutlag haty uly ruhubelentlik bilen diňlenildi.

“JAHAN” DÖREDIJILIK MERKEZINIŇ ÖZBOLUŞLY SOWGADY

Halkara serginiň açylyş dabarasynda paýtagtymyz Aşgabatda hereket edýän “Jahan” döredijilik merkeziniň çagalar aýdym-saz toparynyň çykyşlary özboluşly sowgat boldy.

Mälim bolşy ýaly, golaýda Türkmen halkynyň Milli Lideriniň görkezmesi boýunça, Arkadag şäherinde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy bilen ýurdumyzyň “Sport ýyldyzy” hususy kärhanasynyň arasynda gol çekilen ylalaşyklara laýyklykda,  “Jahan” döredijilik merkeziniň binalaryny döwrebaplaşdyrmak we onuň çäginde köpugurly sport toplumyny gurmak meýilleşdirildi.

SAGLYGY GORAÝYŞ…

Halkara sergisi esasy 3 ugry özünde jemleýär. Olar saglygy goraýyş, ylym-bilim we sport. Saglygy goraýyş ulgamy türkmen halkynyň Milli Lideriniň başlangyjy bilen ýola goýlan “Saglyk” döwlet maksatnamasynyň esasynda düýpgöter ösdürilýär. Üstümizdäki ýyl “Saglyk” döwlet maksatnamasynyň kabul edilmegine 30 ýyl doldy.

Ine, şu sergide ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynda ýetilen sepgitler açylyp görkezilýär. Ýurdumyzyň şypahanalarynyň diwarlyklary, şeýle hem saglygy goraýyş ulgamynda iş alyp barýan türkmen hususy kärhanalary özleriniň önümleri bilen tanyşdyrýarlar.

Sebitiň ilkinji “akylly” şäheri bolan Arkadar şäherindäki «Arkadag Medisina Klasteri Menejment» kärhanasynda öndürilýän lukmançylyk maksatly önümler sergä gatnaşýan daşary ýurtly myhmanlara uly gyzyklanma döretdi.

Şeýle hem sergä daşary ýurtlarda, Germaniýadan, Russiýadan, Özbegistandan, Hytaýdan, Türkiýeden we ýene-de köp sanly ýurtdan saglyk ulgamyna ýöriteleşdirilen kompaniýalar gatnaşyp, olaryň diwarlyklarynda saglygy goraýayş ulgamyna degişli enjamlar, dürli derman önümleri giňden tanyşdyrylýar.

YLYM-BILIM…

Serginiň ýene-de bir aýratyn ugry ylym-bilimdir. Bu ugurda hem ýurdumyzyň ylmy-bilim ojaklary halkara hyzmatdaşlygyna aýratyn üns berýär. Şonuň netijesinde, türkmen ýaşlary dünýäniň öňdebaryjy döwletlerinde Hytaýda, Malaýziýada, Russiýada, Ýewropa ýurtlarynda bilim alýarlar.

Bu gezekki sergide hem şu ýurtlardan gelen ýokary okuw mekdepleri özleriniň ylym-bilim mümkinçilikleri bilen sergä gatnaşyjylary tanyşdyrdy. Bu diwarlyklar esasan hem türkmen ýaşlarynyň ünsüni özünde jemledi.

SPORT…

Halkara sergisinde sport ulgamyna hem aýratyn üns berlipdir. Serginiň diwarlyklarynda ýurdumyzyň sport ulgamynda gazanýan üstünlikleri giňden beýan edilýär. Şeýle hem türkmen türgenleriniň halkara sport ýaryşlarynda gazanýan üstünlikleri babatda maglumat almak üçin hem giň şertler döredilipdir.

Umuman, bu sergi saglygy goraýyş, ylym-bilim hem-de sport ulgamynda Türkmenistan bilen dünýä döwletleriniň arasynda özara bähbitli hyzmatdaşlygy has-da pugtalandyrmak boýunça möhüm meýdança bolup çykyş edýär.

Serginiň dowamynda ýazgy edilen wideo şekilleri, şeýle hem gyzykly söhbetdeşlikleri “Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalynyň resmi “Youtube”, “Instagram”, şeýle hem beýleki jemgyýetçilik torlaryndan tomaşa edip bilersiňiz. 

Ýene-de okaň

Türkmenistan 2026-njy ýylda GDA-da başlyklyk eder

GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi 2026-njy ýylda Türkmenistanda geçiriler

Türkmenistanyň Prezidenti GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň geňeşiniň mejlisine gatnaşdy

Ata Watan Eserleri

BAE-niň Prezidenti Türkmenistanyň Prezidentine gutlag hatyny iberdi

Türkmenistanyň Prezidenti Birleşen Arap Emirlikleriniň ýolbaşçylaryny gutlady

Türkmenistanyň Prezidentiniň «Merkezi Aziýa — Russiýa» ikinji sammitindäki çykyşy