SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Russiýanyň ilçihanasyndan wiza boýunça möhüm habar

Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň “Telegram” jemgyýetçilik torunda wiza barada ýene-de bir habarnama ýerleşdirilipdir. Şonda wiza resmileşdirmek üçin nobat sanawyndaky zerur bolmadyk ýüz tutmalary aýyrmak talap edilýär.

Ilçihananyň Konsullyk gullugy Russiýa girmek üçin eýýäm wiza alan dalaşgärleriň garaşylýan sanawdaky talap edilmedik ýa-da dublikat ýazgylaryny ýatyryp biljekdigini bellemek isleýär.

Ýazgyny ýatyrmak üçin şu usuldan peýdalanmaly:

  • Özbaşdak internet sahypasynda deslapky ýazgyny aýyrmaly.
  • Konsullyk bölüminiň elektron kabul ediş bölümine ýüz tutujynyň ady, familiýasy, kabul edilmegiň senesi we wagty barada elektron poçta ibermek arkaly aýyrmak bolar.
  • 94-07-41 belgä jaň etmek arkaly hem bolar.

Bu ýazgylary aýyrmak bilen wizasyny resmileşdirmedik ýüz tutujylaryň despalky nobat ýazgysy üçin talon almagyny çaltlandyrmaga mümkinçilik berer.

Ýene-de okaň

2025-nji ýylda dünýä boýunça halkara syýahatçylaryň sany 4 % artdy

Ata Watan Eserleri

Saglygy goraýyş çygrynda türkmen-gruzin hyzmatdaşlygy pugtalanýar

THY: Aşgabat-Stambul gatnawlarynyň sanyny hepdede 17-ä çykaryldy

German lukmanlary Türkmenistanda iş saparynda bolýarlar

Türkmenistan Bütindünýä saglyk gününi sport çäreleri bilen bellär

Özbegistanda syýahatçylyk çalt ösýär: täze strategiýa ykdysady ösüşi güýçlendirýär