BIZNES

Russiýa rekord girdeji gazandy

Russiýa Federasiýasy nebitiň, tebigy gazyň hem-de kömrüň ekpsortundan rekord derejede girdeji gazandy. Soňky 6 aýda energiýa çeşmeleriniň bahalarynyň artmagy Russiýanyň girdejisiniň ýokarlanmagyna mümkinçilik berdi. Hasabat döwründe, şeýle seredilende, Russiýanyň energiýa serişdeleriniň eksport möçberi azalypdy.

Energetika we arassa howa gözleg merkeziniň derňewine görä, Russiýanyň Ýewropa Bileleşigine gazylyp alynýan ýangyç eksporty 35 göterimden 18 göterime çenli azaldy.

Russiýanyň bu döwürde iň uly eksporty Hindistan, Hytaý, Birleşen Arap Emirlikleri, Müsür we Türkiýe  ýaly ýurtlara amala aşyrdy.

Gazylyp alynýan ýangyç eksportyndan alnan girdejiler Russiýanyň federal býužetine takmynan 43 milliard ýewro goşant goşdy.

Gazylyp alynýan ýangyçlaryň arasynda iň ýokary girdeji takmynan 76 milliard ýewro bilen çig nebit eksportyndan alnan bolsa, Russiýanyň tebigy gaz eksporty 35 milliard ýewro, nebit önümleriniň eksporty 26 milliard ýewro, kömür eksporty 13 milliard ýewro we suwuklandyrylan tebigy gaz eksporty 9 milliard ýewro deň boldy.

 

Ýene-de okaň

Türkmenistan öz önümlerini «Kazan Halal Market» halkara ýarmarkasynda hödürlär

Waşingtonda ABŞ-Özbegistan işewürlik geňeşiniň mejlisi geçirildi

Russiýa–Türkmenistan–Owganystan täze üstaşyr geçelgesini döretmek meýilleşdirilýär

Türkmenistanda 3 aýda jemi içerki önümiň ösüşi 6,3 göterim artdy

Aşgabatda “Hyzmatdaşlyk we ösüş” atly köpugurly halkara sergi geçirilýär

Türkmenistan bilen Azerbaýjan ulag ulgamyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmegi maslahatlaşdylar