BIZNES

Russiýa kagyzsyz söwdany ösdürmäge gyzyklanma bildirýär

Russiýa Federasiýasynyň hökümeti, Russiýanyň daşary ykdysady strategiýasy üçin ileri tutulýan Aziýa-Ýuwaş umman sebitinde serhetaşa kagyzsyz söwdany ösdürmäge gönükdirilen kanunyň taslamasyny Döwlet Dumasyna hödürledi.

Russiýanyň Premýer-ministri Mihail Mişustiniň aýtmagyna görä, bu tapgyra 11 ýurt gatnaşýar. Olaryň arasynda Azerbaýjan, Bangladeş, Eýran, Hytaý, Mongoliýa, Täjigistan, Türkmenistan we Filippinler bar diýlip, TASS habar berýär.
Mişustin: “Netijeli hyzmatdaşlygy üpjün etmek, harytlaryň hereketini çaltlaşdyrmak we şol bir wagtyň özünde serhetaşa amallara gözegçiligi güýçlendirmek möhümdir”.

 

Related posts

Rus işewürleri Türkmenistanyň bazaryny has işjeň ösdürerler

Metallurgiýa kremnisiniň önümçiligi ýola goýlar

Ata Watan Eserleri

«Daýhanbank»: «Talyp karzy» bank karzyny hödürleýär

Leave a Comment