MEDENIÝET

Rus kino işgärleri kosmosdan gaýdyp geldiler

Kosmosda ilkinji hereketli filmi düşürmek üçin 12 gün ozal Halkara kosmos stansiýasyna iberilen rus kino topary Ýere sag aman gaýdyp geldi. “Çagyryş” diýlip atlandyrylýan filmde kosmonawtyň ýürek keseline kömek etmek üçin kosmosa gidýän hirurgyň wakasy gürrüň berilýär.

Russiýanyň kosmos gullugy “Roscosmos” tarapyndan goldaw berlen 12 günlük syýahat kosmos giňişligindäki ýurtlaryň arasynda adam kosmos gatnawy barada köpçüligiň tolgunmasyny döretmek we kosmos stansiýasy ýaly ugurlaryň hökümet kosmonawtlaryna mahsus däldigini görkezmek üçin geçirilen hereket boldy.

Mundan ozal ABŞ kosmosda düşüriljek ilkinji film üçin taýynlyklaryny görüpdi, hatda Tom Kruzyň Halkara kosmos stansiýasyna iberiljekdigi habar berilipdi.

 

Türkmenstan Günorta Afrika ilçi belledi

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň medeni mirasy Täjigistanyň Döwlet medeniýet we sungat institutynda görkezildi

Aşgabatda Russiýanyň kino festiwaly açyldy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanda aprel aýynda geçiriljek medeni çäreler

Ýur­du­myz­da des­san­çy bag­şy­la­ryň fes­ti­wa­ly ge­çi­ril­ýär

Türkmen suratkeşleriniň halkara üstünligi

Dünýä belli aktýor Çak Norris aradan çykdy